BILIM

Ylmy-intellektual onlaýn bäsleşik geçiriler

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 21-nji maýynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň guramagynda “Sanly ykdysadyýet – geljegiň aýdyň ýoly” ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ylmy-intellektual onlaýn bäsleşik geçiriler.

Bäsleşigiň maksady okuwçylarda geljekki saýlap aljak hünärlerine bolan söýgüni, täze döredijilik pikirlerini höweslendirmekden, hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan, has zehinlilerini ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Ylmy-intellektual onlaýn bäsleşige gatnaşmak isleýän ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylary talyplary maý aýynyň 17-sine çenli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň resmi web-saýtynda resmi kagyzlary dolduryp hasaba alynmaly.

Şu görkezilen tituki@online.tm ýa-da tit.we.uki@gmail.com salgylaryna ugratmaly.

Ylmy-intellektual onlaýn bäsleşigine sanly ulgam arkaly test görnüşinde geçiriler.

Test geçen her bir gatnaşyjy netijelerini we gazanan bahalaryny awtomatik usulda hasaplanylyp, gurmaçylyk topary boýunça testiň netijeleri kesgitlenilýär.

Ylmy-intellektual onlaýn bäsleşiginiň yglan edilen ýeňijileri Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty tarapyndan sylaglanar.

Habarlaşmak üçin:

 Salgysy: Aşgabat ş., Büzmeýin etrap,Senagat 51-nji jaýy,Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty;

 Telefon belgileri: (+ 993 12) 39 26 05;

 Faks: (+993 63) 60 40 02;

E-mail:  tituki@online.tm ýa-da tit.we.uki@gmail.com

 Guramaçylyk topary

Din Tompson: Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygy ösdürýäris

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Astrahana sapary

Halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi

Türkmen ýaşlary ylmy işlerini hödürleýärler

Türkmen ýaşlary üçin Malaýziýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen gyzy Moskwada geçirilýän şowhunly telebäsleşige gatnaşdy

Ata Watan Eserleri