Timur Kasymowiç Zülfükarow: Rudakiniň mawzoleýinde

Timur Kasymowiç Zülfükarow ! Ol Şahyr, ýazyjy, dramaturg, senarist.1936 –njy ýylyň 17 awgustynda Täjigistanda, Duşenbe şäherinde dünýä inýär.Ol Moskwanyň Maksim Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny gutaran we 20 sany romanyň ýüzlerçe edebi eserleriň awtorydyr.

“Ýewropanyň iň gowy romany-93”,

“Ýasnaýa Polýana” edebiýat baýragynyň eýesi,

“Ýylyň iň gowy kitaby”2005,

“Hartli-Merill” Golliwudyň iň gowy senariýasy,

Mundan başga- da dünýä edebiýatynyň baýraklarynyň ýüzlerçesiniň eýesi

Döwrümiziň iň döwrebap ýazyjylarynyň biri, aktuallygy bilen öz eserlerinde täze howany getirip bilýän şahyryň eserleriniň terjime edilmeginiň sebabi şu günki gün edebiýatyň täze bir ýaňa suwsandygyny nazara almakdyr.

Awtoryň işlerinde geçmişiň yzasy bilen geljegiň sedasy bir çemeniň içinde ýerleşýär.

Onuň eserlerinde ýyly güneş parlaýar. Güneş bolsa ýekejedir.

Hormatly okyjylarymyz,

Biz Size Timur Kasymowiç Zülfükarowyň goşgularyndan birnäçesini ene dilimize terjime edip ýetirýäris.

Terjime eden,

Oguljennet Bäşimowa

 

 

Rudakynyň mawzoleýindäki Ezraýyl

 

Uzak jennetdäki zümerret ýyldyz…

Men kibi hili pes daş däl seň özüň…

Garynjalar mekan eýlan,

Ysgynsyz,

Gurçuklar bedenmiň üstüne süýnen…

Hem süňkümiň çagşap ýatan bili däl!

Müň ýyl bäri yza bilen “ah” ýene,

Ornaşýança köşeşmejek däl çile,

Arylaryň girip- çykýan hini däl…

 

Taňrym ölümden soň nedir çagşamak,

Aklyma gelenok,

Göz öňme asla…

Şahyr!

Müň ýyl geçen kämil bir ussat,

Huzuryňda owal- ahyr durun men,

Gelenme şaýatdyr küli sowrulan

Hem heňlän nepesli hum deýin asman…

Ýadaw keşbiň bize

Ruh berer ahyr!

 

Mazar asty kejdumlary duýup kän,

Heňleriň üstünden ädimme – ädim,

Külün ýele sowrup aglasyn asman

Ikimiziň süňkümizde- perýadym…

Gagşaýar hem gurap mazar ýeline

Musalladyň gumun sowuryp

Basa

Düşýän eý boşaýan, zynjyrly dadym…

Çalymtyk neşesin küljümek otuň,

Içinde çekeläp

Serhoş ol ýadym.

Tukat diwarlaryň döwüp humuny,

Boşatmak isleýän seň hukugyňy…

 

Taňrymmm….

 

Şonda uzak menzilleriň tümünde

Ýetilmejek jennet sahabyn açyp

Zümerret ýyldyzlar ýylpyldar ýene…

Ýakyn aralyga getirer guçup

Bir- biregiň elin tutup soň mäkäm…

Şonda çalarys biz bu ýerlere ýat

Bu ýerlerde diňläp bolmaýan mukam..

Baky diriligiň, baky ölümiň

Ýerde owazy hem undulan mukam

Bir- birege owaz bolup birigip,

Guburlar astynda çatylarys biz,

Soň ölmezler bolup,

Baky direlip,

Soň mazar astyna atylmarys biz,

Süýrelip…

 

Ýerde undulan mukam…

Dirilik…

********************************************************

 

Rudakiniň mawzoleýinde

 

Men oňa sataşdym…

Mähelläň içi geň,täsin halata çümüp gidende

Sadyllar hem gullar,

Derwüş,galandar,saýyllar, sepiller,

Totamlar, pirler

Bir ýerlere, uzak ýere,

Bir çuňa

Ony görjek bolup, sümüp gidende…

Aklymyň kenary hut oňa sary

Deňze çümen daş deý çümüp gidende…

Howatyrlar ýerde, gökde, bir ýerde

Uzak çuňluklara dömüp gidende…

Hem gögüň buludy dymyp gidende…

…Undulan guşagy şeýlebir ýumşak,

Hyrkasynyň çeti näzik bedenden…

Sülgünleň ýelegne öwrülen deýin…

Reňki kirşen siňen deýin bir gumsak…

Bilmez onuň nämedigin gurrumsak…

Eger bizem munda gözümiz ýumsak…

Ýüregi hem ýuka görgülerdenem…

Golaýma süýşende

Gysmyljyrap kän,

Hem pyşyrda boglup aýdypdy şonda:

“Saňa garaşypdy müň ýyl, müň mukam

Diňläp, gizlin…”

A sen bolsa, sen bolsa…

Garaşýarsyň “Gider”- diýip nekgende…

“Hem seni idegläp geler ol” diýip,

“Zerewşan kenary biler ol” diýip…

Belki- de sen oňa sataşyp bir dem

Bir- biregi tanap, çawuşdan birden…

Jennet bagyň kölgesinde edaly…

Hem bölek baglaryň endamy ýaly…

 

Ýöne pyşyrda garyp heň:

 

-Çyksyn ol! – diýdim.

Ýazylan mazaryň daşyna erkin,

Kebelekleň şa köşgünde kapasaň

Zynjyrny gyrşy deý,

Güjeňläp görkün…

Şonda biz Zerewşan kenara çenli,

Birlikde gideris,baglap gecenmiz

Küýsegine çenli,

Sözüne çenli,

Zerewşan sähranyň dyzyna çenli

Diriligiň hakyt özüne çenli…

 

Eý Taňrym!

 

Sakla sen!

Çarhyň aýlawyn,

Aýlyganç sesinden doýdy bedenim!

Diriler mazaryň başyna gelsin,

Diriler soňsuzlyk kepenin geýip,

Batgalykdan hemem mazar astynda

Galan gurçuklardan goý halas bolsun!

 

 

 

**********************************************

Narynç şal

 

Köklerin zemine uran howlyda

Lagylly şalyny atyp ýüpe ol…

Belki ýalňyzlykdan,

Belki hasratdan

Garaşyp geçirdi ömrün jüpe ol…

 

Saba ýelleň garşysyna tutulan

Toýun diwarlaryň üstünden aşyp…

Içki geými ýüpek ýüpe atylan

Göýäki ýüregmi dartyp dur işip…

 

Hem narynç guşagy şeýle bir näzik,

Şemala gotazyn güjeňläp misli…

Ahhh… Leýlii…

Ýanyňa barardym welin…

Düýşler näme üçin şeýlebir gysby…

 

Göýä şol guşagy alaýjak bolýan,

Ýöne näme üçindir açýan arany…

Şol narynç guşagyň ýüpüň üstünde

Göýä bakylyga uzaýan ýaly…

Ellem uzasa- da ýetmez ol ýene,

Şalyň sepine…

 

Gotazlary näzik… ýüpegi inçe

“Döküler üstüme” – diýip, gorkýaryn.

Taňrynyň täjine dakylan gunça,

Meňzeş düýşde sallanşyp duran dala…

Sensizlikden gorkýaryn…

Ýüpek ýüp şeýlebir inçe….

Seň ondan hem inçe hukugyň baryn

Men bilmeýändir öýdýärmiň, bilýärin…

 

Uzaklarda, ah uzakda,

Uzakda…

Gysby düýşler şaldan arany açýar…

A meň seni şeýle göresim gelýär,

Gözlermiň öňünden şalyň gotazy

Gaýyp bolup gelýär ýene aýlanyp,

Düýşümiň düýbüne

Düýbüne gaçýar…

Göýä o ýerde bar,

Bulutly uçmah…

Görünýär bulutlar ogurlan tozy…

 

A men Taňryň sesin duýýan

Her näme

Bolsa- da uzaklyk şeýle bir agyr…

Mejnunyň owazy gelýär dünýäme:

Çalyşman dünýäniň sowuk gujagyn,

Seniň ýüpde duran narynç şalyňa…

Hem gyzgyn ýüregňe

Ahhh… Garabagyr…

Ýuwaşjadan düýşüm deýin siňýärin…

Seň düýşüň düýbüne…

Agyr… agyr… agyr… Ahhh juda agyr…

 

  Timur Zülfükarow

  Terjime eden: Oguljennet Bäşimowa