TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Timo Werner “Çelsi” toparynda oýnar

Angliýanyň “Çelsi” topary täze möwsümiň öňüsyrasynda ikinji transferini etdi. Bu topar Germaniýanyň “RB Leipzig” toparynyň nemes hüjümçüsi Timo Werner bilen 5 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Iňlis topary bu transfer üçin “Leipzig” toparyna 47,5 million funt-sterling tölär.

Oýunçy her hepde-de 170 müň funt-sterling alar. 24 ýaşyndaky oýunçy transfer döwründe toparyň ikinji transfer edilen oýunçysy boldy. Iňlis metbugatynyň habar bermegine görä, Werneriň täze toparynyň tälimçisi Frank Lampard bilen sport geňeşçisi Petr Çeh bu transferi amala aşyrmagy başardy. Oýunçy täze möwsüm üçin taýýarlanmak üçin  gysga wagtdan “Çelsi” toparyna goşular.

Ýene-de okaň

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Teswirle