Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýew bilen duşuşdy. Bu barada Gazagystanyň Energetika ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy we bilelikdäki taslamalara gatnaşmak mümkinçiligine garadylar.
Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýew bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy strategik hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykarmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň jemleri boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Gazagystanyň Energetika ministrliginiň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen äthnama gol çekildi.