JEMGYÝET

TIF-2024: Aşgabatda 18 şertnama we ähtnama gol çekildi

Şu ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum forumy uly üstünliklere beslendi. Bu halkara forumyň çäklerinde birnäçe plenar mejlisler, ikiçäk duşuşyklar geçirilip, şolaryň netijesinde Türkmenistanyň döwlet we hususy kärhanalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany şertnama we özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalara gol çekildi.

Bu gazanylan ylalaşyklar halk hojalygynyň giň gerimini, hususan-da energetika, dokma önümçiligi, himiýa senagaty, gämi gurluşygy, demirýol enjamlary, ekologiýa we logistika ýaly ugurlary öz içine aldy.

Gol çekilen ylalaşyklar şeýle:

  1. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen AIM Global Foundation guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama:
  2. “Türkmengaz” döwlet konseri bilen Gazagystanyň Energetika ministrliginiň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hakynda ähtnama:
  3. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Türkiýäniň “Astaş Endüstri Tekstil Makinaları Sanayi ve Ticaret A.Ş” kompaniýasynyň arasynda dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama:
  4. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Türkiýäniň “Menderes Tekstil Sanayi ve Ticaret A.Ş” kompaniýasynyň arasynda dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama:
  5. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Hytaýyň “Wuhuan Engineering Limited” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek maksady bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama:
  6. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Türkiýäniň “Asos Proses Makina A.S. ” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek maksady bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama:
  7. Balkan gämi gurluşygy we abatlaýyş zawody bilen Koreýa Respublikasynyň Gämigurluşygy we deňiz enjamlary assosiasiýasynyň (KOMEA) hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnama:
  8. “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Owganystanyň “Emran Shohran Limited” kompaniýasynyň arasynda dizel ýangyjyny (L-0,5-62) satyn almak-satmak boýunça şertnama:
  9. “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Owganystanyň “Jawad Oil and Gas Ltd.” kompaniýasy bilen suwuklandyran gazy satyn almak-satmak boýunça şertnama:
  10. “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Özbegistanyň “Alat” kompaniýasy bilen suwuklandyran gazy satyn almak-satmak boýunça şertnama:
  11. “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Özbegistanyň “Engineering Gaz Avto service” kompaniýasy bilen suwuklandyran gazy satyn almak-satmak boýunça şertnama:
  12. “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýäniň “Çalyk Enerji” kompaniýasynyň arasynda Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy stansiýasyny taslamalaşdyrmak, gurmak, enjamlaşdyrmak we ulanmaga girizmek boýunça şertnama:
  13. “Türkmenhimiýa” döwlet konseri bilen Ýaponiýanyň “Mitsubishi Heavy Industries limited” we “Mitsubishi Corporation” kompaniýalarynyň arasynda “Garabogaz” karbamid zawodynyň zerurlyklary üçin üpjünçilik we toplumlaýyn tehniki hyzmatlary bermek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama:
  14. Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty bilen Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Sinszýan ekologiýa we geografiýa institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda şertnama:
  15. “Türkmenaaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” kompaniýasy bilen Gyrgyz Respublikasynyň “Kyrgyz poçtasy” poçta kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama:
  16. “Demirýollary” açyk göörnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Hytaýyň “China Railway Material Honkong & Makau Company” kompaniýasynyň arasynda lokomotiwler üçin enjamlary satyn almak boýunça şertnama:
  17. “Türkmen Domen” hojalyk jemgyýeti bilen “European Networks” arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama:
  18. “Demirýollary” açyk göörnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türkiýäniň “Atoil Kimya ve Petrol Ürünleri” kompaniýasynyň arasynda demirýol ýolagçy wagonlarynyň dizel-generatorlary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça şertnama.

Umuman, Türkmenistanyň Maýa goýum forumyna 1156 myhman gatnaşyp, şonuň çäklerinde 77-den gowrak ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

 

Ýene-de okaň

Özbegistan Prezidenti Türkmenistandaky foruma ýokary baha berdi

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy

Gyrgyzystanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistana geldi

Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

Türkmenistan-Mongoliýa: howa gatnawlary hakynda ylalaşyga gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri