TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: sentýabr aýynda Türkmenistan ugry boýunça hepdede 2 ýörite uçar gatnawy

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasyndan alnan maglumatlara görä, bu awiakompaniýa sentýabr aýynda Türkmenistan ugry boýunça her hepde 2 gezek ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Awiakompaniýanyň beren maglumatyna görä, kompaniýa Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawlary her hepdäniň duşenbe we anna günleri ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar.

Awiakompaniýanyň bu gatnawlarynda 40 kilograma çenli ýanyndaky goşlary mugt äkitmek mümkinçiligi bardyr.

Berlen maglumata laýyklykda, Türkmenistana uçuş amala aşyrýan ähli ýolagçylardan soky 48 sagadyň dowamynda PSR test synagyndan geçendigi baradaky kepilnama talap edilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy awgust aýynda birnäçe ýörite gatnawlary göz öňünde tutdy. Meýilleşdirilen ýörite uçar gatnawlary baradaky habarlary yzygiderli size ýetirip gelýäris. “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy soňky ýörite uçar gatnawyny 2022-nji ýylyň 13-nji awgustynda amala aşyrypdy.

 “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Türkmenistan ugry boýunça ýörite uçar gatnawlarynyň biletleriniň diňe kompaniýanyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän ofisinde satylýandygyny ýatlatmak isleýäris.

Ýene-de okaň

Tranzit Wizasy üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy

Baş Redaktor

Niderlandlar syýahatçylar üçin gapylaryny doly açdy

Özbegistan 7 million syýahatçy kabul etmekçi

Teswirle