TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

TFF halkara hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarow özara hyzmatdaşlyk etmek boýunça ýeditaraplaýyn Ähtnama gol çekdi. Bu taryhy resminama Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Wengriýanyň we Özbegistanyň Futbol federasiýalarynyň ýolbaşçylary hem gol çekdiler.

Türkiýäniň «Demirören» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, Ähtnama gol çekişen döwletleriň arasynda mundan beýläk özara ýaryşlary, ýoldaşlyk duşuşyklaryny we okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem taraplar ýaş futbolçylary ýetişdirmek we halkara derejeli eminleri taýýarlamak boýunça hem hyzmatdaşlygy güýçlendirerler.

Taraplaryň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyna UEFA-nyň wekilleri hem gatnaşdy. Gatnaşyjy federasiýalaryň ýolbaşçylary eden çykyşynda bu Ähtnamanyň futbolda bilelikde kämilleşmäge ýakyndan ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tehnologiya-kompaniyasy-maya-goyum-goyyar/

Ýene-de okaň

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Messi Ronaldonyň rekordyny täzeledi

55 ýaşynda futbol oýnamagy dowam edýär

Ata Watan Eserleri

Teswirle