TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Teýlor Swiftiň 40,000 dollarlyk meşhur gitarasy satuwda

“Covid-19” epidemiýasyndan ejir çekenleriň peýdasyna açylan gaznada beriljek satuwda Teýlor Swiftiň ýygyndysyndan ýörite 2018 gibson gitarasy satuwa çykarylar. Ol gitara 25 müňden 40 müň dollar aralygynda satylmagyna garaşylýar.

Ady belli gitara

Gitara saz guraly ýurduň aýdym-saz taryhyna girýän gural hökmünde bellidir. Sebäbi Swift öz gitarasy bilen şu ýylda geçirilen aýdym-sazly baýrakly ýaryşlarda we konsertlerde birnäçe aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Şeýle hem, Teýloryň rekord goýan Folklor albomyndan Betti aýdymyny şol gitarada ýerine ýetirdi.

30 ýaşly amerikan aýdymçysy, geçen aý “Folklore” albomy bilen 42 hepde Billboard diagrammasynyň başynda ýer alyp, Witni Hýustonyň rekordyny täzelän ilkinji zenan sazanda boldy.

Swift-iň gitarasyny aljak bagtly kişi, diňe gitara alman, eýsem, aýdymçynyň 2017-nji ýylda çykan “Reputation” we 2019-njy ýylda çykan “Lover” albomynyň hatyrasyna bäş sany gitara penalaryny hem alar.

BREDLI KUPERIŇ gitarasy hem satylar

Satuwda diňe bir Swift-iň gitarasy satylman, eýsem, meşhur aktýor Bredli Kuperiň  hem 2015 Gibson elektron gitarasy  2000-den 4000 dollar aralygynda satylar. Mundan başga-da, Kit Urban gara we ak Hi9 gitarasy 3 müňden 5 müň dollar aralygynda satylmagyna garaşylýar.

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy we Russiýanyň döwlet sirkiniň Aşgabatdaky çykyşy

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Teswirle