DÜNÝÄ

Teýlor Swift – ýylyň “adamy” saýlandy

Dünýä belli “Time” žurnaly tarapyndan “ýylyň adamy” saýlandy. Ol meşhur aýdymçy Teýlor Swift boldy.

– Bu örän buýsandyryjy we bagtly duýgudyr – diýip, Swift “Time” žurnalyna beren beýanatynda belläp geçdi. Üstümizdäki 2023-nji ýylda “ýylyň adamy” baýragyna 9 dalaşgär görkezildi. Olaryň arasynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III, HHR-iň Başlygy Si Szinpin, “ CHatGPT” ulgamyny işläp düzen Sem atlman, Golliwudyň birnäçe aktýorlary bar.

“Time” žurnaly 1927-nji ýyldan bäri ýylyň adamyny saýlaýar. 2022-nji ýylda bu derejä Ukrainanyň Prezidenti, 2021-nji ýylda bolsa, Ilon Mask mynasyp boldy.

1927-nji ýylda ilkinji bolup, bu baýraga amerikaly uçarman Çarlz Lindberg mynasyp bolupdy. 70 gezek bu baýraga syýasy hem-de jemgyýetçilik işgärleri eýe boldy. Olaryň arasynda Mahatma Gandi, Uinstin Çerçill, Ýeliwazeta II, Şarl de Goll, Martin Lýuter King, Genri Kissinjer, Dan Sýaopin, Leh Walensa, Rim papalary Ioann Pawel II we Fransisk we Angela Merkel bar.

Ýene-de okaň

USAID tarapyndan žurnalistler üçin okuw seminary guraldy

ADNOC kompaniýasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi

Rumyniýada Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçiriler

Konsullyk, serhet we gümrük boýunça türkmen-eýran toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi

Hytaý bilen Gruziýanyň arasynda wizasyz döwür başlandy

Wengriýada täze prezident saýlandy