8.9 C
Istanbul
01/06/2020 5:57
Home TESWIRLER Milli ykdysadyýeti özgertmegiň döwrebap ugry
Kerimguly Geldiýew
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy, Ahal welaýatynyň 20-nji “Yzgant” saýlaw okrugynyň deputaty. Ol 2004-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde ýerleşýän Dokuz Eýlül uniwersitetini menejer hünäri boýunça tamamlady.

Milli ykdysadyýeti özgertmegiň döwrebap ugry

Ykdysady ösüş – bu belli bir döwürde önümçilik faktorlarynyň netijeliliginň yzygider artmagy netijesinde bir ýurtda jan başyna düşýän jemi içerki önümiň (JIÖ) mukdarynda artyşlaryň emele gelýän prosesidir. Ykdysady özgeriş adalgasy ykdysady ösüşden has giň mana eýe bolup, ösüp barýan ýurtlarda ykdysady düzümiň üýtgemegi bilen bilelikde durmuş, medeni we syýasy düzümlerde hem özgertmeleriň ýüze çykýandygyny aňladýar. Amerikan alymy Walt Rostow senagatlaşan ýurtlaryň tejribelerine salgylanyp, olaryň bäş sepgitden geçýändiklerini nygtaýar. Bular adaty jemgyýet, özgertmelere taýýarlyk, özgertmeler döwri, kämillik we köpçülikleýin sarp ediş tapgyrlarydyr. Ýagny, ykdysady özgertme bar bolan ykdysady düzümiň üýtgedilip guralmagy arkaly milli ykdysady düzümiň ösdürilmegini göz öňünde tutýar.

Ykdysady ösüş hadysasyny her bir ýurduň ösüş maksatnamalary bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýä ýurtlarynyň tejribesinde ösüş maksatnamalarynyň ulanylmagynyň esasy sebäbi näme? Bazar ykdysadyýetiniň durmuş-ykdysady ösüşiň öňündäki päsgelçilikleri doly aradan aýyrmaýandygyny gören ýurtlar ösüş maksatnamalary bilen geljekdäki näbellilikleri azaltmak bilen hususy pudaga rasional karar almaga mümkinçilikler döretmek, döwletiň ykdysady funksiýasyny täzeden kesgitlemek üçin ösüş maksatnamalaryny düzýärler. Ýagny, sosialist ykdysady ulgamyň alamaty ýaly görlen Planlaşdyryş (Meýilnamalaşdyryş, Maksatnama düzmek) bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysadyýetlerde hem giňden ulanylýar. Şu ýerde syýasy tarapy hem belläp geçmek ýerlikli bolup biler. Demokratik döwlet bolmagyň alamatlaryndan biri bolan saýlaw prosesi dalaşgärleriň öz maksatnamalary bilen çykyş etmegini şertlendirýär. Bu aýratynlyk tebigy ýagdaýda döwlet-raýat-jemgyýet sazlaşygynda maksatnamalaýyn işleriň meýilnamalaşdyrylmagyny we bellenen möhletlerde amal edilmegini talap edýär.

Taryhy jähtden seredilende agrar-senagat-hyzmatlar zynjyry boýunça ýurtlaryň ykdysadyýeti tapgyrlaýyn özgeripdir. ABŞ, Şweýsariýa Konfederasiýasy, Niderlandlar Patyşalygy ýaly ýurtlarda hyzmatlar pudagy esasy orny tutmak bilen, oba hojalyk we agrosenagat önümleriniň ýurduň eksport düzümindäki paýy uly. Mysal üçin, ABŞ häzirki wagtda hem oba hojalyk önümleriniň ençemesi boýunça dünýäde iň ýokary öndürijiligi görkezýär. Mundan başga-da, oba hojalyk tehnikalarynyň önümçiligi we ýerlenilmegi babatda döwlet yzygiderli öz goldawyny berip durýar. JIÖ-ň içinde oba hojalyk önümleriniň paýynyň 3%-e çenli pes bolmagyna garamazdan, önümçilik mukdary azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge ýeterlik bolýar. Bu ýurtlarda azyk harytlaryny eksport etmek üçin goldawlar, şol bir wagtda intensiw önümçilik usullaryny ornaşdyrmak tejribesi giňden ulanylýar. Ýurtlar oba hojalyk pudagyna goldaw bermek bilen ýakyn ýyllarda senagaty ösdürmegi maksat edinýärler. Adaty ykdysadyýetde ösüş maksatnamalary düzülende ýeňil senagat desgalarynyň önümçiliginden gazanylan girdejiler banklaryň üsti bilen agyr senagat pudagyna gönükdirilmek arkaly gazanylýar. Maglumat eýýamynda bu geçiş prosesi tizlenýär.

Häzirki ykdysady şertlerde ykdysady özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetde goşulan gymmaty ýokary haryt önümçiligi we hyzmatlaryň elýeterli ýagdaýy üns çekýär. Singapur Respublikasynyň tejribesinde, port amallarynyň ýokary hilini üpjün etmek üçin doly awtomatlaşdyrylan amallar  we salgyt ýeňillikleri öz oňyn netijesini berdi. Ýarym asyryň içinde senagaty we beýleki artykmaçlyklary bolmaýan territorial taýdan kiçi hasaplanýan ýurt güýçli döwlete öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, uly ýada kiçi döwlet ýok, güýçli döwlet bardyr. Ýurtlaryň ykdysady ösüş we özgermelerini kesgitleýän 5 sany esasy faktor bar: tebigy gorlar, adam kapitaly, pul serişdeleri, tehnologik ösüş we syýasy gurşaw. Emma, tebigy gorlaryň barlygy möhüm faktor bolmak bilen, ýeterlik hasap edilmeýär. Mysal üçin, Niderlandlar Patyşalygy tebigy gorlar tarapyndan has artykmaçlyga eýe bolan Indoneziýa, Braziliýa ýaly ýurtlar bilen deňeşdireniňde ösen ykdysady düzüme we derejä eýedir. Ýagny, ykdysady faktorlar boýunça amatly mümkinçiliklere eýe bolan ýurtlar bu mümkinçilikleri ulanmak ukybyna görä bäsdeşlik artykmaçlyklaryna eýe bolýarlar.

Maýa goýum syýasatynyň netijeli ýagdaýy özgertmeleriň esasyny düzýär. Ykdysady manyda maýa goýum, bir ýylyň içinde ykdysadyýetiň döreden goşulan gymmatynyň sarp edilmän geljek ýyla geçirilen mukdaryny aňladýar. (I=Y-C=S) Menejment biliminde bolsa maýa goýum, peýda gazanmak üçin ykdysady faktorlaryň bir ugra gönükdirilmegini aňladýar. Eger-de ösüp barýan ýurtlarda maýa goýumlar infrastrukturanyň kemala getirilmegi üçin gönükdirilse geljek ýyllarda maýa goýum multiplikator görnüşinde täsiri bolýar, maýa goýum taslamasy öz mukdaryndan has ýokary ykdysady täsir döredýär. Aslynda ulag infrastrukturasy bilen ykdysady özgertmeleriň arasynda baglanyşyk bardyr. Ýagny, ýol-ulag infrastrukturasynyň kämil bolmagy ykdysady özgertmeleriň aýrylmaz şertidir. Maglumat eýýamynda predmetleriň Interneti we ulag hyzmatlarynyň onlaýn goldawlar arkaly ýola goýulmagy jemgyýetçilik ulaglaryny höweslendirmek we şäher ilatynyň rahat, elýeterli we tiz wagtda hereketini üpjün edýär. Türkmenistanda ýol-ulag infrastrukturasyny ösdürmek ugrunda uly maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär.

Maliýe bazary maglumat eýýamynda kapitalyň netijeli ulanylmagynyň guraly bolup çykyş edýär. Banklar puluň hümmetsizlenme derejesinden ýokary goýum syýasatyny amala aşyrsa, beýleki bir tarapdan korporatiw taraplar adamlary aksiýalar we obligasiýalar arkaly göni serişde çekmegiň usulyny ulanýarlar. Salgyt syýasaty barada bolsa, arap alymy Ibn-i Haldun özüniň “Mukaddime” atly eserinde salgydyň pes derejesiniň ykdysadyýetde önümçiligiň ösdürilmegini höweslendirýän gural hökmünde belläpdir. Ronald Reýgan öz saýlaw kampaniýasynda bu esasy ulanmak arkaly ykdysady maksatnamasyny amala aşyrypdyr.

Ölçeg ykdysadyýeti korporasiýalaryň, köpmilletli kompaniýalaryň döremegini alamatlandyrdy. WalMart, Siemens, Mitsubishi, ENI ýaly kompaniýalar aktiw ululygy boýunça birnäçe ýurtlaryň milli girdejisinden ýokary görkezijilere eýedir. Maglumat eýýamynda bu adaty kompaniýalaryň uzak ýyllaryň dowamynda gazanan üstünliklerini Amazon, Alibaba, Flipkart ýaly onlaýn söwda kompaniýalary has gysga döwürde 700 milliard amerikan dollary ýaly ýyllyk satyş mukdaryna has az çykdajy we maddy aktiw ululygy bilen eýe boldular.

Biz iş, jemgyýet we şahsy durmuşymyzy düýbünden özgertjek tehnologik özgertmeleriň bosagasynda durýarys. Bu özgertmäniň netijesi barada anyk maglumat ýok, ýöne bu özgertmeler üçin ähli taraplaryň jebis we utgaşykly iş alyp barmagy zerur hasaplanýar. 1-nji senagat rewolýusiýasy suwy we bug turbinalarynyň önümçiligi mehaniki usullara geçirmegi bilen amala aşyryldy. 2-njisi elektrik energiýasynyň önümçiligi köp sanly harytlary öndürmäge şert döretdi. 3-njisi elektronika we maglumat tehnologiýalaryny önümçiligi awtomatlaşdyrmak üçin ulandy. Wagt taýdan seredenimizde soňky rewolýusiýanyň gysga wagtda amala aşýandygy görünýär. Muňa garamazdan, ähli pudaklar we ýurtlar onuň täsirinde galýarlar. Emeli aň, robot tehnologiýasy, predmetleriň Interneti, 3 ölçegli printerler, nanotehnologiýa we beýleki täze pudaklar durmuşy başdanaýak öz täsirine alýar.

Dowamy bar….

IŇ TÄZE HABARLAR

Haly baýramy mynasybetli sergi geçirildi

Şu gün Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda senagat edara binasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we Da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi Döw­let ha­ryt çig-mal...

Güllerden görklidir türkmen halysy

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda gol çeken Karary haly önümçiligini kämilleşdirmek we göwnejaý derejede ýola goýmak, milli önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak ugrunda edilen...

31-nji maý — Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni

Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni her ýylyň 31-nji maýynda giňden bellenilip geçilýär. Bu ýylky baýramçylyk köpçülige temmäkini ulanmagyň howplary, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäki...

Jerrard 40 ýaşady

Angliýanyň “Liwerpul” toparyň ozalky meşhur ýarymgoragçysy Stiwen Jerrardy doglan güni bilen gutlady. 30-njy maýda häzirki wagtda Şotlandiýanyň “Reýnjers” toparynyň baş tälimçisi 40 ýaşady. “Stiw, doglan...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Dünýäniň iň ýaşuly adamy aradan çykdy

Dünýäniň iň ýaşuly erkek adamy hasaplanýan britaniýaly Robert Ueýton 112 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada “BBC” teleýaýlymy habar berýär. Şu ýylyň fewral aýynda ýaponiýaly Titesu...

Birinji çärýekde iň köp satylan smartfon

“Apple” kompaniýasynyň akylly telefony koronawirus pandemiýasyna garamazdan, iñ köp satylan telefonlaryñ arasynda birinji orny eýeledi. “Omdia” kompaniýasynyñ maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyñ birinji çärýeginde iñ...

31-nji maý — Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni

Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni her ýylyň 31-nji maýynda giňden bellenilip geçilýär. Bu ýylky baýramçylyk köpçülige temmäkini ulanmagyň howplary, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäki...

Ukrainadan Türkmenistana çakylyk

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Ukrainanyň döwlet ýolbaşçysynyň resmi rezidensiýasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň...