No menu items!
8.9 C
Istanbul
10/07/2020 5:13
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Diňe özüňize ynanylan işi göwnejaý ýerine ýetiriň
Şirin Şirliýewa
"Türkmenistan Sport" halkara žurnalynyň jogapkär kätibi

Diňe özüňize ynanylan işi göwnejaý ýerine ýetiriň

Size görä tiz bolan ýalydyr. Hemme kişi siziň ýaly çalt öwrenişýän, ýeňil gopýan, öwrenmäge ýaltanmaýan bolman biler. Özüňiz daşary ýurtlular bilenem ýönekeý, sadalyk bilen gürleşýäňiz. Bu işleriň çäginde biznes syýasatlary, duzaklar, basdaşlyk bolanokmy?

–Meritokratiýa dolandyrmagyň prinsiplerine görä iş alyp barmakda Amerika öňe saýlanýar. Bu ýagdaý Ýewropada has kyn.

Londonda 2 müň kişiniň ýygnanan ýygnanyşyklaryndaky çykyşlarymda–da aýtdym: men hiç haçan “Unilever”–de, “Shell”–de ýa “Philips”– de baş direktor Muhtar Kent bolup bilmezdim. Bu diňe Amerikada mümkin, başga ýerde mümkin däl, Ýewropada bu bolmazdy. Gysgaça aýdanyňda, Italiýadan Gollandiýa ugradyldym. Gollandiýadan soňam türk bolanym üçin Türkiýä ugratdylar.

-Türkdügiňiz ilkinji gezek şol wagt ýatlaryna düşdümikä?

1985–de, örän gysga wagtda 3,5 ýyldan soň ýene Wena gitdim. Bütin Gündogar Ýewropa, Merkezi Ýewropa, 27 döwletde dolandyrmak üçin.

– Täze wezipeleriň başyna baraňyzda “Günlerde bir gün şu boýunça ähli işiň başynda duran adam bolarmykam?” diýip pikir edýädiňizmi?

Ýok, hiç pikir etmedim. Bolynçamam pikir etmedim hiç wagt. Aslynda, men şuny ýaşlara mydama aýdýan “Şu bolaryn, bu bolaryn” diýip ýola çykmaň. Diňe özüňize ynanylan işi göwnejaý ýerine ýetiriň.

-“Göwnejaý ýerine ýetirmek” jümlesi barada durup geçäýiň. Sebäbi biziň bilýän iş ölçeglerimiz bilen siziň diýýänleriňiziň arasynda tapawut bolup biler.

Göwnejaý ýerine ýetirmek diýemde, aýtjak bolýanym şu: işe mynasyp derejede ýerine ýetirmek. Diňe wezipäňi ýerine ýetirmek däl, asyl şol işe mynasyp bolmak, has giňişleýin, peýda getiriji bolmagy üçin ýerine ýetirmegi pikirlenmek. Bir işi gatnaşyklar bilen birlikde ýerine ýetirjek bolmak, ekoulgamy döretmek. Işi alyp barýan wagtyň, işiňden has giň, ekoulgamly sferany döretmek.

-Nähili?

Ekosistema diýlende, ýagny kimler şu iş bilen bagly, olaryň sanawyny ýazýaň. Kompaniýanyň içinde–de , daşynda–da müşderiler we kärdeşleriňiz bilen hemişe gatnaşygy ýola goýmak. Sosial gatnaşyklar. Bile nahar iýmek, ertirlik edinmek, nahardan öň bir kofe, bir gazly suw içmek, muzeýe aýlanmak, syýahat etmek… Goý, adamlar sizi tanasynlar, sizem olary tanaň. Çünki dünýä şeýle gatnaşyklaryň üstünde gurulýar.

-Näme üçin, bu zatlaryň nähili goşandy bar?

Sebäbi adamlardan töwerekde näme bolup geçýänini öwrenýärsiň. Pikirlerini, düşünjelerini özlerinden öwrenýäň.

Ikinjisi, bir zada mätäç wagtyň kimiň gerekdigini bil.

Üçünjisi,dünýäniň nähili üýtgeýänligi barada ýeke özüň netijä gelme, olaram diňle, olaryň aýdýanlarynam seljer. Bular zerur, ýaşlara hemişeki nesihatym:

Diňe işiňi ýerine ýetirmek üstünlik däl.

–Onda adamlar özlerine ynanylan wezipeleri ýerine ýetiribem şowsuzlyga duçar bolup bilermi?

Dagy näme. Eger gatnaşyklary sazlap bilmeýän bolsa, adamlar bilen gürleşmegi halamaýan bolsa, daş–töwerekden çekinýän bolsa, garaýyşlaryny, täsirlerini içinde saklaýan bolsa, özüne ynamy bolmasa, ýeňil işleri göwnejaý eder, ýöne ahyrynda şowsuz tamamlanar.

–Türkiýede bu ýagdaýlar gereginden artyk derejede kabul edilýär. Şowlulyk, şowsuzlyk, hamala gylykly, gylyksyz diýen ýaly…

Şowlulygam, şowsuzlygam adamyň özüniň näme etmek isleýändigine bagly. Adam maksatlaryny amal edip bilýän bolsa, käbirine görä şowly, käbir kişä şowsuz bolup görnüp biler. Çünki onuň maksatlary başga biriniň maksadyna gabat gelmän biler. Kesgitlemek möhüm. Ýalňyşyp şowsuzlyga duçar bolup bilersiň, ýalňyşyp şowlam bolup biler.

–Ýene siziň iş dünýäňize gaýdyp geleliň. Şol ýollardan geçip, şu günki ýagdaýa geldiňiz. Adam beýgeldigiçe netijä gelmek kynmy ýa aňsat?

Iň möhüm zat–bir gezekde netijä gelmek. Sebäbi netijä gelip bilmezlik göni şowsuzlyga eltýär. Meň pikirimçe, liderlik üçin iň möhüm ýagdaýlardan biri ýalňyş bolsa–da netijä gelip bilmek. Ahyrynda bir deňligi tapmaly, dogry netijä gelmek deňligini. Hiç haçan 100 %  bolmaýar, emma o ýeri näçe ýokary bolsa şol derejädäki lider bolýaňyz.

Emma netijä gelmezden lider bolup bolmaýar. Onsaňam lideriň ýerine ýetirmeli ýekeje zady bar, olam netijä gelmek.

Men bütin durmuşym boýunça hemişe netijä geldim.

–Ökünen ýerleriňiz barmy?

Gaty köp.

Olardan käbirini gürrüň berersiňizmi öň bolsa–da, ýa ýaňy–ýakynda?

97–nji ýyly gürrüň bereýin onda, kompaniýadan birinji gezek aýrylanymy.

–Näme sebäpden?

O wagtlar mentorum Don Keough işden çykypdy, has dogrusy, 66 ýaşynda pensiýa çykdy. Ol işden çykansoň birhili kompaniýa boşan ýaly boldy, ýokardan täze düzgünler girizilýärdi. Işe syýasatam goşuldy. Öz–özüme gel menem çykaýyn diýdim.

– O wagt haýsy wezipedediňiz?

Gündogar Ýewropany dolandyrýardym. Kompaniýada 19 ýylym geçipdi.

– Diýmek, bu örän çylşyrymly netije?

Hawa, gaty çylşyrymly. Ýeňil düşmedi, gaty kyn boldy. Sebäbi işden çykyp, bar ekoulgamy bir pursatda ýok edýäňiz… Onda–da “Men şeýtmeli”diýdim we çykdym. Ökünen pursatlamam boldy. “Men nädäýdim, gowy etdimmi,erbet etdimmi?” ilki 6 aý özüme “Men ýalňyşdymmykam, dogry etdimmikäm?” diýip, sorag berip geçirdim.

–Şular ýaly ýagdaýlarda biri bilen maslahatlaşaňzokmy, aýalyňyz ýa başga biri bilen…

Ýok, adatça soramok. Öz–özüm bilen geňeşýän, netijä gelýän.

Bir gün irden geldiňiz–de, “Men–ä Coca–Coladan çykýan” diýäýdiňizmi?

Hawa, aşakda–ýokarda. “Bu ýerde 19 ýyl işledim, indi tamamlaýan” diýdim.

–Adamlar size “gitme” diýmedimi?

Ýok, sebäbi men anyk gelen netijämi aýtdym, “Çykjak” diýdim. Ykbal meni gaýtadan ýene Türkiýedäki gazlandyrylan içgi önümçiligine getirdi, meň üçin şol iň gowy waka boldy.

Hiç wagt Türkiýede işlemändim. Şeýdip Türkiýä geldim we Tunçaý beg bilen Anadoly Industri Holdingde işlemäge başladym, soňlugy bilen ol iň gowy dostum boldy. Olar bilen piwo öndürmek işinden, soň alkagolsyz gazlandyrylan suw öndürmäge başladyk. “Efes” markasy Türkiýäniň daşynda ýaýrady, meň üçin ajaýyp bir topar bilen çekilen 5 ýyllyk zähmet ýolum  o ýerde geçdi, gaty bagtlydym. Belkem, ol Türkiýede geçen iň gowy ýyllamdyr. Ajaýyp ýyllardy.

IŇ TÄZE HABARLAR

Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini (maska) ullanmak

Tomsuň ortaky aýy howanyň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek maksady bilen, saglygy goraýyş, söwda nokatlarynyň, bazarlaryň,...

Göterip bolýan serginlediji öndürdi

Ýaponiýanyň “Sony” kompaniýasy adamlaryň ýanynda götermegine mümkinçilik berýän kinniwanja serginlediji öndürdi. Ony geýýän futbolkaňyzyň jübüsinde hem göterip bolar. Bu enjam adamyň bedeniniň gyzgynlygyny 23...

TFF-niň ýygnagy geçiriler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy öz resmi saýtynda 13-nji iýulda federasiýanyň ýolbaşçylarynyň, eminleriň we tälimçileriň gatnaşmagynda maslahatyň geçiriljekdigini habar berdi. Maslahatda milli çempionatymyzyň birinji we ikinji aýlawynyň...

Diňe 19 sanysy öndüriler

Italiýanyň kaşaň sport ulaglaryny öndürýän “Lamborghini” kompaniýasy “Lamborghini Sion Roadster” görnüşini tanyşdyrdy. Bu ulagyň “Lamborghini” kysymly ulaglaryň üsti açyk görnüşiniň iň güýçli ulaglarynyň biri...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Bakanlar Kurulu Başkan yardımcısı değişti

Türkmenistan Devlet Başkanı Bakanlar Kurulu genişletilmiş toplantısı gerçekleştirdi. Toplantıda Türkmen Liderinin imzaladığı Karar ile, medyadan ve kültürden sorumlu Bakanlar Kurulu Başkan yardımcısı Bahargül Abdiyeva...

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET WE SUNGAT MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Medeni-köpçülik çärelerini guramak. Höwesjeň halk saz gurallary orkestrini guramak. Çagalar...

BSGG-niň wekilýetiniň Türkmenistana sapary

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolar. BSGG-niň Ýewropa sebit býurosynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ýokary derejeli hünärmeni, BSGG-nyň Türkmenistandaky “COVID-19” wekilýetiniň...

Türkmenistanyň Prezidenti zähmet rugsadynda

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadyna çykdy hem-de Watanymyzyň şypahana merkezleriniň birinde dynç alýar, hemişe bolşy ýaly, milli Liderimiz işden boş wagtyny işjeň we...