No menu items!
8.9 C
Istanbul
10/07/2020 7:17
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Bogunlaryň nanofonologik molekulasy
Dr. Berdi Saryyew
Dr. Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy

Bogunlaryň nanofonologik molekulasy

Türkmen elipbiýinde orun alan otuz sany tagmajyklar esasynda bu diliň ýazuwyny doly görnüşde beýan etmekligiň mümkindigini öň hem belläp geçipdik.

Nanofonologik molekula azyndan birmeňzeş bolmaýan iki sany fonemanyň  (çekimsiz bilen çekimli ýa-da çekimli bilen çekimsiz fonemalaryň) özara birleşmeginden emele gelýän bogun parçalarydyr. Bu ugur boýunça biziň taýýarlan tablisalarymyzyň 1-nji nusgasynda bognuň nanofonologik molekulalarynyň esasy birleşmelerini “a” fonemasy emele getirýär.

Birleşmeleriň esasy parçalaryny “a” fonemasynyň emele getirýändiginden ugur alyp, biz bu tablisany şertli ýagdaýda a1 kodly tablisa hökmünde atlandyralyň.

Görnüşi ýaly, a1 kodly tablisada jemi 42 sany nanofonologik molekula bardyr. Türkmen diliniň ses aýratynlygyna laýyklykda, “a” nanofonemasynyň gysga we uzyn aýdylyşlaryny-da doly hasaba alsak, onda jemi 84 (42 gysga “a”-ly / + 42 uzyn “a”-ly) sany molekulany elde etmek bolar.

Nanofonologik molekulalaryň özara birleşmegi netijesinde a1 kodly tablisadan bogunlar üýşmeginiň üç topary ýüze çykýar.

1-nji topar üç harpdan we iki bogundan ybarat bolan bogunlar üýşmegi;

2-nji topar dört harpdan we iki bogundan ybarat bolan bogunlar üýşmegi.

3-nji topar köp harpdan we köp bogundan ybarat bolan bogunlar üýşmegi.

Birinji topara, üç harpdan we iki bogundan ybarat bolan bogunlar üýşmegine “a” (gysga we uzyn) şu aşakdaky özara birleşmeler girýär. Bu birleşmäniň umumy formulasy şeýledir:

Netijede,  a1 kodly tablisada ýerleşdirilen “1 + 2 = ab / 2 + 1 = ba”   nusgalardaky çekimsiziň soňuna “+ a” (ab+a) we çekimsiziň öňüne “a +” (a+ba) getirilmek ýoly bilen aşakdaky nusgalar alynýar.

(dowamy bar)

 

Edebiýatlar:

 

1.Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ: [тезисы Межд. Научно-практической конференции]. Москва, 2007.

2.Орёл М. А. Нанофилология, или бывают ли мелочи в переводе?. Мосты. Журнал переводчиков. Москва. № 4 (32), 2011, С. 31-43.

3.Потанова Р.К. Нанотехнологии и лингвистика: прогнозы и перспективы взаимодействия. «Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ». Москва, 2007,–С. 8-11.

4.Свинкина М.Ю. Язык наноиндустриализации: Нанолингвистика. Труды молодых ученных. Вестник ВолГу. Серия 9. Вып. 11.2013, С. 195-197.

5.Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: векторы формирования. Вестник ЛНУ iменi Тараса Шевченка .№ 24 (259). Ч.1., 2012, С. 9-16.

6.Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: возможности обновления интерпретаций. Ученные записки Таврического национального университета им. В.И. Вернадского. Серия «Филология. Социальные коммуникации»-Том 25 (64) –Ч.№ 2. Луганск, 2005,–С. 186-193.

7.Словарь иностранных слов. Москва. Русский язык. 1988.

8.Червякова Л. Д. Валидность нано в лингвистике: Нанолингвистика – академическая наука или фрик-лингвистика. Международный журнал прикладных и фундаментальных исследований. № 2, 2018, С. 213-220.

9.Червякова Л. Д. Правомерность существования нано-лингводидактики. Росский научный журнал. № 4 (42), 2014, С. 214-220.

  1. Б. Н. Базылов. Науке о языке XXI века: Словарь-справочник. М:2013.

11.A.Nurmuhammedow. Türkmen diliniň fonetikasy. I kitap. Fonemalar sözyleýişde. Aşgabat: Ylym, 2019, 520 s.

12.A.Nurmuhammedow. Türkmen diliniň fonetikasy. II kitap. Sözyleýşiň fonetik gurluşy. Aşgabat: Ylym, 2019, 436 s.

13.A.Nurmuhammedow. Türkmen dilinde söz basymy (eksperimental-fonetik derňew). Aşgabat: Ylym, 2012, 260 s.

14.A.Nurmuhammedow. Türkmen dilinde sözüň singarmonizm hadysasy. Aşgabat: Ylym, 2013, 332 s.

  1. Efrasiyap Gemalmaz, Türkçenin Derin Yapısı, Yayıma Hazırlayanlar Cengiz Alyılmaz-Osman Mert. Belen Yayıncılık, Ankara 2010, XXVI+574 s.

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini (maska) ullanmak

Tomsuň ortaky aýy howanyň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek maksady bilen, saglygy goraýyş, söwda nokatlarynyň, bazarlaryň,...

Göterip bolýan serginlediji öndürdi

Ýaponiýanyň “Sony” kompaniýasy adamlaryň ýanynda götermegine mümkinçilik berýän kinniwanja serginlediji öndürdi. Ony geýýän futbolkaňyzyň jübüsinde hem göterip bolar. Bu enjam adamyň bedeniniň gyzgynlygyny 23...

TFF-niň ýygnagy geçiriler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy öz resmi saýtynda 13-nji iýulda federasiýanyň ýolbaşçylarynyň, eminleriň we tälimçileriň gatnaşmagynda maslahatyň geçiriljekdigini habar berdi. Maslahatda milli çempionatymyzyň birinji we ikinji aýlawynyň...

Diňe 19 sanysy öndüriler

Italiýanyň kaşaň sport ulaglaryny öndürýän “Lamborghini” kompaniýasy “Lamborghini Sion Roadster” görnüşini tanyşdyrdy. Bu ulagyň “Lamborghini” kysymly ulaglaryň üsti açyk görnüşiniň iň güýçli ulaglarynyň biri...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Howa şarlary

Adamzat  gadym  wagtlardan  bäri  uçmagy arzuwlap  gelipdir.  Gadym  zamanlarda  adamlaryň guş  ýaly  uçmagy  barada  köpsanly  rowaýatlar  we hekaýalar  ýazylypdyr.  Birinji  bolup  asmana göterilen  adam...

Oskar baýragynyň eýesi Ennio Morrikon aradan çykdy

Oskar baýragyna mynasyp bolan italýan kompozitory Ennio Morrikon aradan çykdy. Günbatar görnüşindäki aýdym-sazlary bilen meşhurlyk gazanan Morrikon 88-nji Oskar baýraklarynda “The Hateful Sight” aýdymy...

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abä Ýaponiýanyň günorta sebitinde bolup geçen giň gerimli suw joşguny we süýşgünler netijesinde...

Dubaýda Mars üçin şäherçe döredildi

Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) Mars planetasyna uýgunlaşmak üçin ýörite şäheriň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ol ýerde häzirki wagtda alymlar tarapyndan Marsdaky durmuşy döretmek göz öňünde tutulýar....