27/11/2020 10:31
Home TESWIRLER Baggoýun
Hojagylyç Nazarow
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Hojagylyç Nazarow 1937-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Çagyl obasynda doglan. 53 ýyl mugallym bolup işlän. Türkmenistanyň at gazanan mugallymy, halk magaryfynyň otliçnigi, uly mugallym, usulçy mugallym atlaryna mynasyp bolan, bir orden we üç sany medal bilen sylaglanan. Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, Gaýrat medalynyň eýesi. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň “Altyn Asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi.

Baggoýun

Uruş tamamlanyp, il-bendäniň garny galyp, eşigi bitip, gaýgy-gamy böwşeňläp ugranda, özüni oňarýan, agzynyň tagamyny bilýän çarwa milleti her ýylyň güýz gyrkymyndan soňra, ondan öňrägem, gazaply gyş aýlarynda ýagdan, huruşdan kösenmezlik üçin gara öýleriniň bir böwründe daňyp, baggoýun bakardylar. Olar ýaşaýan öýlerinde bakmasalar, hiç kesiň gapysynda küme ýokdy. Tam hakda-ha entek pikirem edilmeýärdi. Ýöne baggoýunyň ýatýan ýeriniň tämiz bolmagyna aýratyn üns berlerdi. Öýde baggoýunyň ys-koky çykmaz ýaly, häli-şindi aýagynyň aşagy kemsiz tämizlenip, ürgün çäge dökülerdi. Ol zamanlarda oňa köplenç iým berilmeýärdi diýlen ýalydy, gytdy. Günde iki ýola ojakda gömme çörek bişirilensoň, şondan oňa ýumruk ýaly hamyr berlip, täzeje ýuwundysy hem suw deregine içirilerdi. Çörek arasynda unaş we beýleki naharlar bişirilse-de, baggoýuna şonça mukdarda hamyr hem ýuwundy berilýärdi.

sellin

Baggoýuny agyz ýeter ýerinden çüýrän gara selin aýrylmazdy. Ol dowaryň aşgazanynda tiz özleşdirilmegine, semremegine, işdäsiniň açylmagyna, dişine agram düşmezligine kömek edýärdi. Ot öýüň tärimine daňlyp goýulýardy. Ýerde berseň, otuň çaşyp, pytrap, dowaryň işdäsini bozmagy, içerini hapalamagy ähtimaldy. Üç-dört aýyň, kähalatlarda köpräk aýyň dowamynda ýetjek derejesine ýetip, ýatan ýerinden gozganyp bilmerdi. Öňünden-ardyndan goltgy berip, janawaryň aýak üstüne galmagyna kömekleşmeli bolýardy. Soýanlarynda galapyn daş ýagyndan bir bedre (on litr), iç ýagyndan şonça mukdarda ýag alyp bilmeseler, onda «Baggoýunyň bakysyny ýetirip bilmedik» diýip ökünerdiler.

Okap bilersiňiz  Bitaraplyk: Adalga hakynda kelam-agyz söz

Baggoýunyň et-ýagyny böwre çeken maşgalanyň howalasy belent bolardy. O döwürde näme, mal ýagyndan ötri ýag barmydy?! Iç ýagyň gowurdagyny (gowurmajyny) aglaba çöreklik hamyra goşup, çoýun tabada omçanyň közünde bişirerdiler. Şeýle çöregiň özboluşly lezzeti bolardy. Daş ýagynyň gowurdagynyň özi huruşdy. Çörek bilen iýibermeli, mädäňe degmezdi. Bagry, öýkeni, ýüregi, böwregi, gapyrgasy gowrulanda, yzyndan onuň lödereli ýagy ýagy hem içilerdi. 10-20 töweregi çemçe ýag içip bilýän adamlar az däldi. Gowurma ýagyny içmek şol uçurlarda adat ýaly bir zatdy. Belki, bu ýagsyran adamlaryň içi ýumşasyn, kanagatlansyn, gözi doýsun diýlip edilýän mürähetdir. Iç ýagy köplenç nahar teýi edilse, daş ýagny, ýagny guýruk ýagyny meşikde toşaba garyp, şol döwürde tapylgysyz nan hurşy-alaçaly  ýag alardylar. Çopanlar gyş paslynda ertir irden düýe bakmaga ugramakçy bolanlarynda,  uly käsede, ýagny pyýalada guýruk ýagy bilen şekeriň üstüne çaý guýup, mazaly naharlanardylar. Şeýdip, ertirlik edinen çopana sowugam, argynlygam aňsat-aňsat aralaşyp bilmezdi. Baggoýunyň iň haý-haýly nahary kellebaşaýagyň çorbasy ýa-da kellebaşaýakdan taýýarlanan beýleki naharlary bolardy. Muňa diňe goňşy-golam däl, dogan-garyndaşlar, dost-ýarlar hem «bärigel» edilerdi. Kellebaşaýak atarylan içerde toý tutulýan ýalydyr. Şatlyk-şagalaň dumlu-duşa ýaň bermändir. Men doganlarymyň ýekabyry bolamsoň, dädem birine oturmaga gitse ýa-da çagyrylsa, özi bilen menem äkiderdi. Bu meniň çagalygymdan, oglanlygymdan ýaşulular dünýäsine içgin aralaşmagyma, olary atam ýaly hatyralamaga, ömürbaky ýatlamagyma bahasyna ýetip bolmajak hyjuw beripdi. Bir gezek goňşymyz dädemi kellebaşaýak çorbasyna çagyranda, menem yzyndan galman gidipdim. Ol öýe, ýatan ýeri ýagty bolsun, Seýitmämmet aga-da çagyrylan eken. Obada toý-tomaşa, üýşmeleň şu gürrüňçil gojasyz geçmezdi. Ol sowhozyň, obanyň ussasydy. Maldarlara, ilata zerurlyk edýän zähmet gurallaryny ýasardy.

Okap bilersiňiz  Kutadgu Bilig :Beýannama
Okap bilersiňiz  BSSG: örtük - raýdaşlygyň nyşany

Saçaklara üç-dört çanak çorba goýuldy. Biziň öňümize goýlan çanagyň daşyna Seýitmämmet aga bilen Gurban däde (iman baýlygy berilsin) diýilýän wäşi hem aýlanypdy. Onuň baran ýeri mydama alaýazdy. «Bismilla» diýlip, nahara başlana dessine ol dädeme göz ümläp, haýsydyr bir gyzykly gürrüňmi, rowaýatyňmy başyny başlap göýberdi. Çanakdaky bir çemçeden çalşylyp içilýärdi. Seýitmämmet aga ýeser ýylgyryp:

-Gurban jan, arkaýyn bolaý! Seniň tutan guşuňy öten ýyl ütük goýduk-diýip,

çemçäni nobata garaşyp oturana geçirmän, elinde gaýym saklady-da, Gurban dädeniň aýdan gürrüňini yzyny etdiriberdi. Muňa oturanlar içi gyrlyp gülüşdiler. Seýitmämmet aga ugyny ýekeletmedi. Şeýdip, käbir bendeleri aýdyp oturan gürrüňine gümra edip, çemçe gezegini ýek-ýarym unutdyraýan eken. Bu-da degişmäniň, oýunçylygynyň bir sapy bolara çemeli.

Ojagy gömlen urşuň salan ýarasy bitişip, könelşip, jemagat özüni tutyp ugranda, durmuş abadanlaşyp başlady. Gapylarda dürli maksatly kümeler, kaşaň-kaşaň ak jaýlar peýda bolýardy. Ot-iým boldy. Her maşgala ikiden-üçden baggoýun bakardy. Jaýlary behiştden bolsun, Gylyçmämmet aga bilen Hajynur aganyň bakýan goýunlarynyň semizligine görenleriň gözi giderdi. Olaryň her biri 55-60 kilodan kemter et-ýag bermezdi.

Okap bilersiňiz  Hudaýberdi agany ýatlap...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyny, bol-telki, eşretli durmuşda ýaşatmak baradaky bimöçber aladasy netijesinde, beýleki azyk önümleri bilen birlikde, ýaglaryň hem dürli görnüşleri oba dükanlarynda peýda boldy, bolçulyk. Şeýlelikde, indi obalarda baggoýun bakýanlar azaldy. Emma ýaşy segseni sermeläp ýören, barjamly Pişek aga her ýyl baggoýunlaryň üç-dört sanysyny bakyp semredýär. Häzir bolçulygam bolsa, ata-baba kesp-kärini unutmandyr. Şonuň baggoýun soýan güni öýi myhman-mediwanly, gelim-gidimli. Pişek aga-giň saçakly, bereketli, sahy adam.

  • Baggoýunyň guýruk ýagy bilen hiç bir ýagyň gadyr-gymmaty, höziri deň bolmaz. Ol-adam saglygyna melhem, däri-derman, güç-kuwwat. Baggoýunyň guýruk ýagyndan, alaja oňurgaly etinden bişirilen, içi käşirli, kişmişli palawy iýip oturan bendäniň gulagyny kesseňem yzasyny duýmaz diýip, ýaşuly baggoýunyň guýruk ýagynyň tarypyny ýetirýär.
Okap bilersiňiz  Nesip etse äriňdirin....

Hawa, baggoýun ötenlerimiziň höwes edip saklan, yhlas edip bakan, ahyrynda-da gaýgy-gamy, öýke-kinäni dep edýän giň desserhanyň başynda tegelenişip, begenişip, etini-ýagyny iýip-içen halal maly. Gytçylyk döwründe ol adamlary birek-birege ysnyşdyrýardy, ýakynlaşdyrýardy, dostlaşdyrýardy. Indi öňki ýeter-ýetermez gytçylyk günler taryha, geçmişe gitdi. Goý, ol ajy günler gaýdyp yzyna köwlenmesin. Ýöne baggoýun bakmak şindem artykmaç, biderek hysyrdy däl. Onda bereket bar, hözir bar. Eždatlarymyz muny unapdyr. Ýaş neslem şony dowam etdirse ýagşy. Şeýdip, durmuş, däp-dessur dowam edýär ahyry.

IŇ TÄZE HABARLAR

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi. Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Nebit guýylarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçiligine ornaşdyrmak arkaly nebit guýylarynyň önüm berijiligini...

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady...

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Bethoweniň 250 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçiriler

  2020-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda meşhur kompozitor Lýudwig wan Bethoweniň doglan gününiň 250 ýyllygyna bagyşlanyp, konsert geçiriler. Bu konsert...

  23-nji noýabr – Bütindünýä akwarel güni

          Islendik adam öz başarnygyna görä surat çekip biler, emma ony akwarel usulynda  ussatlyk bilen   çekmek her kime başardanok. Çünki ol...

Türkmenistan «Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisi geçirildi, onuň barşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Forumyň barşynda Gazagystan Respublikasynyň daşary...

Mugallymlar güni we hepdesi

Giriş ýerine: “Atavatan Türkmenistan” halkara  žurnalynyň hormatly okyjylary!  Doganlyk Türkiýe döwletinde 24-30-njy noýabr “Mugallymlar güni we hepdesi” diýlip ýörite bellenilýär. Şonuň üçin biz-de bu dabaraly...