TEHNOLOGIÝA

“Teslanyň” täze ulagy

Elektrik awtoulag öndürijisi “Tesla” 12 orunlyk mikroawtobus modelini ösdürýär. Göz öňünde tutulýan ulag bu kompaniýanyň ýolbaşçysy Elon Muskyň tunnel taslamasynda ulanylar. Göz öňünde tutulýan tunnel Ranço Kukamonga şäherini Ontario halkara howa menzili bilen birleşdirer.

“Mashable” habar gullugyndaky habara görä, “Tesla” Elon Muskyň eýeçiligindäki kompaniýa elektrik mikroawtobusyny öndürip başlady.

Şol habara görä, 12 orunlyk mikroawtobusa Elon Musk tarapyndan esaslandyrylan we tunnelleriň kömegi bilen ulag meselesini çözmegi maksat edinýän «Boring» kompaniýasy tarapyndan ulanylar.

12 ýolagçy we olaryň goş-golamlaryny götermäge kuwwaty bolan elektrik mikroawtobusy sagatda 200 kilometr tizlik bilen tunnellerde syýahat edip biler.

Ýene-de okaň

Şäherara ilkinji uçýan taksi synag edildi

Hytaýda emeli aň bilen ilkinji multfilm taýýarlandy

“Galaxy Ring” atly “akylly” ýüzük tanyşdyrylar

Emeli aň 2 trillion dollarlyk kompaniýany emele getirdi

Ata Watan Eserleri

52 ýyldan soňra ABŞ Aýa kosmos gämisini gondurdy

“Akylly” ýüzükler bazarynda bäsdeşlik ýokarlanýar