TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Tesla” sport ulagyny öndürer

ABŞ-nyň dünýä belli kompaniýasy “Tesla” şereketi özüniň öndürýän adaty “Tesla Model S” ulaglary bilen bir hatarda elektrik togy bilen hereket edýän sport ulagyny hem öndürmegi maksat edinýär.

Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask özüniň “Twitter” jemgyýetçilik tory hasabyndan beren beýanatynda belläp geçdi.

“Tesla Roadster” sport ulagynyň 2022-nji ýylda önümçiligine başlanar. Şu ýylyň tomsunda bu elektrikli ulagyň dizaýn işleri tamamlanar. 2021-nji ýylyň ahyrynda bolsa onuň taslamalaşdyryş işleri doly tamamlanar.

Bu barada özüne dürli sowallary gönükdiren abunaçylaryna “Twitter” jemgyýetçilik tory arkaly jogap beren Mask ulagyň ýokary tizliklikde gitjekdigine ynam bildirdi.

Awtoulagyň bahasynyň iki ýüz müň dollardan başlamagy meýilleşdirilýär.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

“Ga­laxy S23” smart­fon­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy

Ata Watan Eserleri

“Facebook” ulanyjylarynyň sany 2 milliarddan geçdi

“Apple” şereketiniň önümlerindäki i harpynyň manysy

Teswirle