TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“Tesladan” 5 milliard dollarlyk paýnama

Elektrik awtoulag öndürijisi “Tesla” 5 milliard dollarlyk paýnamany satmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we birža boýunça komissiýasyna iberilen resminamalarda “Tesla” kompaniýasy biržadaky paýnamalarynyň möçberini artdyrmak babatda bellenilip geçilipdir. Bu ýerde gürrüň 5 milliard dollar möçberindäki goşmaça paýnamalar barada barýar.

Şeýle hem kompaniýanyň goşmaça paýnamalarynyň “wagtal-wagtal” we “bazar” bahalarynda satyljakdygy mälim edildi.

“Tesla” kompaniýasynyň paýnamalary 2020-nji ýylyň iň çalt ösýän paýnamalarynyň biridir. Ýanwar aýyndan bäri kotirowkalar 400%-den gowrak ýokarlandy we bu kompaniýany “Toyota Motor” we “Volkswagen” dünýä belli kompaniýalardan öňe saýlanyp, dünýäniň iň gymmat awtoulag öndüriji kompaniýalarynyň birine öwürdi. Häzirki wagtda kompaniýanyň bazra bahasy 464,34 milliard dollara deňdir.

17 ýyl mundna ozal döredilen kompaniýa üçin gysga wagtda şeýle ýokary derejeleriň gazanmagy uly üstünlik bolup durýar. Bu ýagdaý, “Tesla” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Maskyň hem şahsy emläginiň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Mask 115,4 milliard dollarlyk emlägi bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda Jeff Bezos we Bill Geýtsden soňra üçünji orunda durýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Teswirle