TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Tesla” Ýewropadaky ilkinji zawodyny açdy

ABŞ-nyň “Tesla” kompaniýasynyň Ýewropadaky ilkinji zawody Germaniýanyň Berlin şäheriniň golaýyndaky Grýunhaýd ýaşaýyş toplumynda resmi taýdan açyldy. “Die Zeit” neşiriniň habaryna görä, alyjylar ol ýerde öndürilen ilkinji 30 awtoulagy aldylar.

Açylyş dabarasyna Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz, ykdysadyýet ministri Robert Habek we “Tesla”-nyň baş direktory Ilon Mask gatnaşdy. Täze zawodda 12 müň iş ýeri dörediler. Bu ýerde ýylda 500 müňe çenli awtoulag öndürmegi meýilleşdirýär.

Mask 2019-njy ýylyň noýabr aýynda täze zawod gurmak meýilnamasyny yglan edipdi. Täze zawodyň ady “Gigafactory 4” diýlip atlandyryldy. Ýewropadaky täze desgada batareýalar, güýç gurnamalary öndüriler, “Tesla Model 3”  we “Tesla Model Y” awtoulaglary ýygnalar.

Mask 2003-nji ýylda “Tesla”-ny esaslandyrdy. Kompaniýanyň ştab-kwartirasy Kaliforniýanyň Palo-Alto şäherinde ýerleşýär. Ilki bilen kompaniýa diňe elektrik ulaglaryny öndürmekde ýöriteleşdi, ýöne soňra Gün batareýalary we beýleki energiýa saklaýyş ulgamlaryny döretmäge başlady.

 

Ýaponiýa “EKSPO-2025” sergisiniň tumaryny tanyşdyrdy

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle