TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Tesla” ösüşde, Mask ikinjilikde

Soňky günlerde “Tesla” kompaniýasynyň paýnamasy barha artýar. Hatda bir günüň dowamynda olaryň paýnamasy 7% göterime çenli ýokarlandy. Geçen hepde bilen deňeşdirilene bolsa 20% göterim ýokarlandy. Soňky maglumatlara görä, kompaniýanyň bazar kapitalaşdyrylmagy 494,32 milliard dollara barabar boldy. “Tesla” kompaniýanyň bahasy bilen birlikde onuň ýolbaşçysy Ilon Maskyň baýlygy barha artdy. Häzirki wagtda dünýäniň iň baý adamlaryň sanawy täzelendi. Şol sanawda Mask “Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýtsden öňe geçdi. Maskyň emlägi 127,9 milliard dollara çenli ýokarlandy.

“Tesla” kompaniýasynyň özi barada aýdanymyzda bolsa, häzirki wagtda awtoulag öndürijileriniň dünýä sanawynyň iň gowy 5-ligi hasaplanylýan kompaniýalardan has gymmat hasaplanýar.

Awtoulag öndürijileriniň dünýä sanawynyň iň gowy 5-ligi:

1. “Tesla” kompaniýasy 521.49 dollar (ABŞ)

2. “Toyota” kompaniýasy 143.26 dollar (Ýaponiýa)

3. “Wolkswagen” kompaniýasy 161.00 ýewro (Germaniýa)

4. “BYD” kompaniýasy 198.20 ýuan (Hytaý)

5. “NIO” kompaniýasy 55.38 dollar (Hytaý)

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Dünýäde iň köp isleg bildirilýän awtoulaglar

Google Translate Offline :Türkmen dilinde hem hyzmat

Baş Redaktor

“Huawei” kompaniýasy Türkmenistanda sanly telefon ulgamyny giňletmek işine gatnaşar

Teswirle