TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Tesla” kompaniýasyna güýçli bäsdeş gelýär

Ýaponiýanyň awtoulag konserni “Honda” bilen Ýaponiýanyň elektronika öndürijisi “Sony Group” kompaniýasy bilelikde elektrik awtoulag bazarynda Amerikanyň “Tesla” kompaniýasyna esasy bäsdeş bolmagy maksat edinýär. Bu barada awtokonserniniň ýolbaşçysy Tosihiro Mibe habar berdi.

– Biz “Tesla” bilen biri-birimizden geçmek üçin bäsleşmeris. Onuň ýerine bazara has gowy we ýokary hilli awtoulag çykarmagy göz öňünde tutarys. Ýöne, şonda-da “Tesla” esasy bäsdeş boljakdygymyzy bellemek bolar – diýip, Tosihiro Mibe metbugat ýygnagynda žurnalistleriň biriniň “Honda” bilen “Sony” elektromobil bazarynda Amerikanyň kompaniýasyny ýeňmegi maksat edinýärmi? diýen sowalyna beren jogabynda belläp geçdi.

“Honda” bilen “sony” 2022-nji ýylda elektrikli ulaglary işläp düzmek we öndürmek boýunça golçur kärhana döretmegi meýilleşdirýär. Kompaniýalar bu önümçilik üçin 37 million dollar bölüp berer. Bu iki kompaniýanyň öndürjek ulaglary 2025-nji ýylda satylyp başlanar. Önümçiligiň ilkinji tapgyrlaryny “Honda” kompaniýasynyň zawodlarynda ýola goýmak hem göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle