TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

«Tesla» kompaniýasy Kaliforniýadaky işgärleri zawoda yzyna çagyrylar

«Bloomberg News» habar gullugynyň habar bermegine görä, «Tesla»  kompaniýasy 29-njy aprelde Kaliforniýanyň Fremont şäherindäki gurnama zawodyna käbir işgärlerini yzyna çagyrmagy meýilleşdirýär.

Zawod ýolbaşçylary Fremont zawodynyň boýag we möhürleme işlerinde işleýänlere täzeden işe başlamaklaryna garaşýar. Tesla 23-nji martda Fremont zawodyny wagtlaýynça ýapypdy. Fremont zawody Teslanyň «Model 3, Model S, Model X we Model Y» ulaglaryny öndürýär. Olar beýleki birnäçe awtoulag öndürijileri maý aýynyň başynda önümçiligi täzeden başlatmak isleýärler. “Detroit Free Press” habar gullugynyň habaryna görä, ýekşenbe güni zawodlaryň açylmagyna taýýarlyk we barlag işlerini geçirmek üçin duşenbe güni uly bolmadyk işçi toparyny düzülýändigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Rus kompaniýalary Türkmenistanda bilelikdäki önümçilige gyzyklanma bildirýär

Ilon Mask ABŞ-nyň milliarderleriniň sanawynda birinji orunda

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

Teswirle