Jeýms Kameronyň režissýorlygyndaky “Terminator” filmi bilen Golliwudyň iň gowy aktýorlarynyň arasynda özüni tanadan Arnold Şwarsnegger öz durmuşy barada kitaba ýazdy.
Asly awstraliýaly Arnold Şwarsnegger golliwuddaky köp sanly filmleir bilen kino tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan meşhur aktýorlaryň biridir. 75 ýaşyndaky aktýor öz durmuşy barada kitap ýazyp, onda özi barada ozal belläp geçmedik häsiýetlerini janköýerleri bilen tanyşýar.
“Peýdaly boluň: Durmuş üçin ýedi gural” atly kitabyň şu ýylyň ahyrynda neşir edilmegine garaşylýar.
Bir döwür Kaliforniýa ştatynyň gubernatory bolup işlän meşhur aktýor, kitabynda durmuşyndan mysallar getirip, okyjylary höweslendirmegi maksat edinýär.