TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Tennis dünýäsiniň geň wakasy: ýyldyz tennisçi kowuldy

Häzirki wagtda sportuň tennis görnüşi boýunça ABŞ-nyň “Açyk çempionaty” geçirilýär. Eýýäm ençeme ýyllardan bäri bu ýer ýatdan çykmajak wakalara baýdyr. ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän “Uly tuwulga” ýaryşynyň 7-nji gününiň 4-nji tapgyr oýunlary dowam etdi. Ýaryşda tennis sportunyň iň güýçli tennisçileriniň sanawynda birinji orunda durýan, dünýä belli tennisçi Nowak Jokowiç bilen ispaniýaly Pablo Karreno Busta garşylaşdylar.

Oýnuň birinji döwünde Nowak Jokowiç garşydaşyna 6:5 hasaby bilen ýeňildi. Gaharlanan tennisçiniň urup goýberen tennis topy gyradaky eminiň bokurdagyna degýär. Belli tennisçi sport oýny bilen gabat gelmeýän hereketi üçin  çempionatdan çetleşdirýärler. Garşydaşy Busta bolsa, ýaryşyň ¼ ýarym finalyna çykýar.

Jokowiç ähli reýting ballaryndan, şeýle hem ýaryşda gazanan baýrak pullaryndan mahrum edildi. Serb tennisçi ötünç sorady we bu gynançly ýagdaýdan sapak aljakdygyny aýtdy.

Jokowiçiň ýaryşdan çykarylmagy bilen “ABŞ Açyk” ýaryşynda ýeňiji bu ýaryşda öň ýeňiji bolmadyk sportçy bolar. Bäsleşige gatnaşýanlaryň arasynda iki rus – Daniil Medwedew we Andreý Rublew hem bar. Olaryň dünýädäki ilkinji raketanyň kowulmagy bilen ýeňiji bolmak mümkinçilikleri ep-esli artdy.

Jokowiç “Uly tuwulga” ýaryşlaryndan çetleşdirilen ýeke-täk ýyldyz tennisçi däldir. Mundan ozal, 2000-nji ýylda “Rolan Garros” ýaryşynda Ştefan Kubek hem sport düzgünlerine gabat gelmeýän hereketi üçin ýaryşdan çykarylypdy.

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Teswirle