TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Teňňeleriň gyrasy näme üçin tekiz däl?

Biler bolsaňyz kagyz pul döwründen öň, söwda edilýän pullar altyndan we kümüşden ýasalypdyr. Her döwürde bolşy ýaly şol döwürde hem dürli hilegärler bolupdyr. Olar puluň gyrasyny gazap, az mukdarda hem bolsa özlerine ýygnaýardylar. Şol döwürde söwdagärler altyny ýa-da kümüşi terezide çekip, gereginden az bolsa kabul etmeýärler eken. Elbetde, gramy ýetmedik şol pul hem ulanyşdan galýardy. Antik teňňelere seredip görseňiz, olaryň köp böleginiň dogry tegelek däldigini görersiňiz. Olar ýokarda agzalan meseläni çözmek üçin gyrasyny tekiz däl görnüşde ýasap başlapdyrlar. Bu usul arkaly teňňäniň gyrasynyň gazalandygyny anyklap bolýardy. Eger-de teňňeleriň gyrasy tekiz bolsa, bu teňňeler kabul edilmeýärdi. Bu däp häzirki günlere çenli hem dowam edip gelýär. Indi teňňeleriň içinde gymmat bahaly metal ulanylmasada, gyrasy tekiz däldir ýa-da ýörite hat ýerleşdirilendir. Häzirki döwürde teňňe pullar öz ähmiýetini ýitirdi. Emma döwletlere görä ony ulanmak, satyjynyň ony almak üçin mejburyýeti bar. Dünýäniň käbir ýurtlarynda bu mejburyýet belli bir mukdarda çäklendirilendir. Teňňe pullar dolanyşykda bar bolan pullaryň diňe 1%-ne ýetýär. Üns beren bolsaňyz kagyz pullarda adam ýüzleri görkezilse, teňňe pullarda bolsa gapdaldan gözrkezilýär. Sebäbi teňňe pullarda ýer kiçi bolansoň, gabartma usuly bilen adamyň ýüzüni doly bildirip bolmaýar. Şonuň üçin hem adam kellesiniň gapdalyndan görnüşi goýulýar.

 Resul Gylyjow

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.

72 ýaşly adam aýalyna aýlanýan jaý gurup berdi

 

Ýene-de okaň

Sahnalarda nusgawy eserler

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Ata Watan Eserleri

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

Teswirle