28/01/2021 9:50
Home TELEKEÇILIK Türkmenistanda hususylaşdyrmak işi: 32 desga hususylaşdyrylar

Türkmenistanda hususylaşdyrmak işi: 32 desga hususylaşdyrylar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.

Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türk menawtoulaglary” agentliginiň, “Türk menhaly” döwlet birleşiginiň, Aşgabat şäheriniň we Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň satuwa çykarýan desgalarynyň sanawy “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Sanawdan görnüşi ýaly ýokarda ady agzalan ministrliklerdir pudak edaralarynyň 32 desgasy satuwa çykaryldy. Sanawda desgalaryň ady, ýerleşýän ýeri, desgalaryň görnüşi (işiniň ugry, gurlan ýyly), binalaryň meýdany (inedördül metr), başlangyç bahasy (manat) we hususylaşdyrmagyň şertleri görkezilendir.

Hususylaşdyryljak desgalaryň hatarynda söwda merkezi, ammar, ýyladyşhana, önümçilik sehler, maldarçylyk fermasy, çeper halyçylyk kärhanasy ýaly desgalar bar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüz tutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle-hem Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplary we daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Okap bilersiňiz  Zehin yhlasa duşanda

Bäsleşikli söwdalar 2021-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň  jaýynda  geçirilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.

Okap bilersiňiz  Wirtual sergi: Türkmenistan

Şu maglumatlar aşakdaky internet sahypasynda hem ýerleşdirildi: www.fineconomic.gov.tm

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Okap bilersiňiz  6 aýda 68 milliard dollar girdeji gazandy

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowe hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Döwlet serhet...

Iň köp isleg bildirilen kabelsiz gulaklyk

2020-nji ýylda “Bluetooth-gulaklygynyň” ähli görnüşleriniň jemi 300 million sanysy satyldy diýip, “Strategy Analytics” kompaniýasy maglumat berýär. Geçen ýylda kabelsiz gulaklyklaryň arasynda “TWS” gulaklygyna uly...

Türkmen toparlarynyň AFK Kubogyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Futbol Federasiýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
Okap bilersiňiz  Türkmenistanda düşek önümçiligi ýola goýuldy
Onuň netijesinde Türkmenistanyň futbol...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Porýe Makgregory jogap tutluşygynda ýeňdi

Abu-Dabi şäheriniň ýörite Söweş adasynda “UFC 257” atly ençeme söweş tutluşyklary geçirildi. Merkezi tutluşykda Konor Makgregor bilen Dastin Porýe garşylaşdy. Ýylyň esasy tutluşyklaryndan biri hökmünde...

Türk Geňeşi türkmen-azerbaýjan ylalaşygyna ýokary baha berdi

Türk Geňeşi Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen...

“Umytly dalaşgär”

Sabyrsyzlyk bilen gyzynyň habaryna garaşyp oturan Dünýä gelnejäniň el telefonyna jaň geldi we ol jaň edýäniň kimdigine-de seretmän dessine aldy. Jaň edýän kişi bolsa...

Daşary ýurtly aýdymçylaryň arasynda türkmen aýdymyny aýtmagyň halkara bäsleşigi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde hasabat berildi. Degişli...