30/11/2020 6:48
Home TELEKEÇILIK Türkmenistanda banan we sitrus önümleri öndüriler

Türkmenistanda banan we sitrus önümleri öndüriler

Ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary döwletlerden ýurdumyza getirilýän harytlary tapgyrlaýyn aesasda azaltmak hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi agzalary tarapyndan öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak baradaky tabşyryklary esasynda oba hojalygynda zerur işler alnyp barylýar.

Dünýäniň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýurdumyzda banan we sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek babatda döwrebap ýyladyşhanalary döretmek teklip edilýär. Şeýlelikde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň hem-de Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýyladyşhanalary gurmak meýilleşdirilýär. Ýyladyşhanalaryň taslamalaryna laýyklykda, olar häzirki zaman suwaryş usullary ulanmak arkaly täzeçil enjamlar bilen üpjün ediler. Toplanan tejribeleri nazara almak bilen banan, mandarin, apelsin we beýleki sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça synag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Bular barada Ministrler Kabinetiniň nobatdaky sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde hasabat berildi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, telekeçileriň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, önümçiligiň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Okap bilersiňiz  Prezident Donald Trampdan hat gelip gowuşdy

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Saýlaw möwsümi başlaýar : Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa Merkezi...

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny...

“Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.
Okap bilersiňiz  Merkezi Aziýa sebitiniň telekeçileri üçin onlaýn okuw
1.10. Ady agzalan türkmen romanyndaky “Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda gysgajyk maglumat Sagdyn düşünje sapaklaryna geçmezden...

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Gazanç  gazanmak maksady bilen biznese baş goşýan, bazardaky haýsyda bolsa bir  kemçiligi aradan aýyran we töwekgelçilik eden şahsa telekeçi diýilýär. Telekeçilik işini ýa-da bu...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Arylaryň global kartasy döredildi

Dünýäde dürli yklymlarda dürli sebitlerde ýaşaýan arylaryň 20 müňe golaý görnüşi bar. Keselleriň, pestisidleriň we tebigy ýaşaýyş ýerleriniň azalmagy sebäpli olaryň sany barha azalýar....

Bethoweniň 250 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçiriler

  2020-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda meşhur kompozitor Lýudwig wan Bethoweniň doglan gününiň 250 ýyllygyna bagyşlanyp, konsert geçiriler. Bu konsert...

Koronawirusa garşy täsirli 5 sanjym

Ýer ýüzünde giňden ýaýran täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy göreş babatda köp işler durmuşa geçirilýär. Esasan hem, dünýäniň öňdebaryjy farmasewtika kompaniýalary, lukmançylyk ylmy merkezleri...

Türkmenistanda täze çäklendirmeler

Öň girizilen çäklendiriji çäreleriň oňyn tejribesine esaslanyp, dünýäde dowam edýän çylşyrymly epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly Türkmenistanyň çägine ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni...