8.9 C
Istanbul
04/08/2020 11:19
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistan mäş eksportuna başlaýar

Türkmenistan mäş eksportuna başlaýar

Ýurdumyzda oba hojalygy önümlerini ösdürip ýetişdirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Munuň üçin ýer bölekleri bölünip berilýär.  Üstümizdäki ýylda oba hojalygy öndürijileri üçin ilkinji gezek mäş ösdürip ýetişdirmek üçin 12 müň gektar ýer bölüp berdiler. Bu öňki ýyllara garanyňda birnäçe esse köp.

Sentýabryň ikinji ýarymynda bu ýerden azyndan 10 müň tonna mäş hasylyny almak meýilleşdirilýär. Hasylyň köp bölegi (takmynan 9 müň tonna) Hytaýa, Koreýa, Ýaponiýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna eksport ediler.

Mäş Hindistandan dünýäniň dürli künjegine giňden ýaýran oba hojalyk önümidir. Ol esasan hem, Aziýa ýurtlarynyň aşhanasynda meşhurdyr. Mäş ilkinji nobatda, adam saglygy üçin hem peýdalydyr. Mäşde kalsiý, magniý, fosfor, kaliý, natriý, demir, B witaminleri we beýleki köp sanly peýdaly minerallar bar.

Bu önüm, durnukly oba hojalygy önümçiligi üçin birnäçe inkär edip bolmajak artykmaçlyklara eýedir. Yssy howany söýýän bu ösümlik üçin az mukdarda suw gerek bolýar. Mundan başga-da, ol düzümindäki azotyň mukdary sebäpli topragyň hasyllylygyny hem ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 2019-njy ýylda eksport üpjünçiligi üçin mäş ösdürip ýetirşdirmek boýunça taslamany ýola goýdular. Ýüzden gowrak oba hojalyk öndürijisi – bu birleşmäniň agzalary “Mäş Taslamasy” taslamasyna gatnaşýarlar.

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Sesden çalt uçar peýda bolar

ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr...

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

BSGG halkara karantin çärelerini üç aý uzaltdy

Bütindünýä saglygy goraýyş merkezi koronowirus bilen bagly halkara karantin çärelerini ýene-de üç aý uzaltdy. BSGG koronowirusy: «asyrda bir gezek bolýan, ýöne täsirini onýyllyklara ýetirýän kesel»...

Akmyrat Rejepow : «Ol şirwan perdäňe, galsana bagşy!»

Dessançy bagşy diýilse, Aşyk Aýdyň piriň mekany ýurdumyzyň demirgazyk sebiti Daşoguz welaýaty göz öňüňe gelýär. Ýedi aşygyň goluna gazma dutaryny aldyran, Görogla gyratynyň üstünde...

Türkmen we Türk Liderleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Liderleri mähirli salamlaşyp, Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi...

Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)

Häsiýeti Sowurlar — akylly-başly, gürrüňçil, özüne ynamly, saza üşükli bolýarlar. Gülgüne reňki halaýarlar. Üstünlik getirýän daşy — Zümerret. Güli bolsa, bägül hasaplanylýar. Sowurlar zähmetsöýer adamlar....