30/10/2020 13:06
Home TELEKEÇILIK «Türkmeniň rysgaly» önümçiligiň görnüşlerini köpeldýär

«Türkmeniň rysgaly» önümçiligiň görnüşlerini köpeldýär

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ak bulut» haryt nyşanly hojalyk harytlaryny öndürýän «Türkmeniň rysgaly» atly hususy kärhanasynda täze bölüm işe girizildi. Netijede, kärhana tarapyndan diş arassalaýjy we gap-gaç ýuwujy serişdeleriň, päkileriň, gaty we suwuk sabynlaryň, şampunlaryň dürli görnüşleri öndürilip başlandy.

«Rysgal» gazetiniň habar berşi ýaly, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­keçi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy bo­lan hu­su­sy kär­ha­na­ ta­ra­pyn­dan ça­ga ar­lyk­lary­nyň, çyg­ly sü­pür­giç­le­riň hem-de egin-eşik ýu­wu­jy we tä­miz­leý­jise­riş­de­le­riň uly tap­gy­ry ön­dü­ril­ýär. Önüm­çili­gi­miz­dä­ki eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ma­ta­dan taý­ýar­lanyl­ýan ça­ga be­de­ni­ni tä­miz­leý­ji, de­ri­ni ýum­şa­dy­jy we çyg­lan­dy­ry­jy, egin-eşik­le­ri aras­sa­laý­jy hem-de ola­ra ýa­kym­ly ys be­ri­ji bu ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry özü­niň ýo­ka­ry hil­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

Kär­ha­na­da tä­ze önüm­çi­lik bö­lü­mi­niň iş­läp başla­ma­gy bi­len se­na­gat we gün­de­lik sarp edil­ýän önümle­riň bir­nä­çe gör­nü­şi ön­dür­ilip baş­lan­dy. Bu ýer­de «Ak bu­lut» ha­ryt ny­şan­ly diş aras­sa­laý­jy se­riş­de­le­riň bir­näçe gör­nüş­le­ri­niň ön­düril­me­gi kär­ha­na­nyň hal­ky­my­zyň ho­ja­lyk önüm­le­ri­ne bo­lan is­leg­le­ri­ni yzy­gi­der­li öw­re­nip dur­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Kär­ha­na­­da ýer­li çig mal­la­rypeý­da­lan­mak arka­ly dür­li gör­nüş­li pä­ki­le­ri ön­dür­mek­li­giň ýo­la goý­lan­dy­gy­ny aý­ra­tyn belle­mek ge­rek. 2 we 3 ke­si­ji­li (al­maz­ly) pä­ki­le­ri ön­dür­mek iş­le­ri­niň ýo­la go­ýul­ma­gy şu ýyldaky uly üs­tün­lik­le­riiň bi­ri bol­dy.

Okap bilersiňiz  Hiç haçan bir öz güýjüňize bil baglamaň!

Bu ýerde köpugur­ly önüm­çi­li­giň gi­ňel­dil­me­gi ne­ti­je­sin­de, ösüm­lik ýag­la­ryna dür­li hoş­boý ys­ly go­şun­dy­la­ry goş­mak ar­ka­ly su­wuk we ho­ja­lyk sa­byn­la­ry hem ön­düri­lip baş­lan­dy. Ol sabyn­lar bak­te­ri­ýa­lar­dan go­ra­mak hä­si­ýe­ti­ne-de eýe­dir. Kuw­wat­ly en­jam­la­ryň saz­la­şyk­ly iş­le­dil­me­gi ne­ti­je­sin­de ön­dü­ril­ýän ho­ja­lyk sa­byn­la­ry 3 gör­nüş­de bo­lup, olar 80, 100, 125, 150 gram ýa­ly dür­li ag­ram­lyk­lar­da gö­ze ge­lüw­li gap­la­ra gap­la­ny­lyp, müş­de­ri­lere ýe­ti­ril­ýär. Bu bö­lüm­de şam­pun we dür­li gör­nüş­li gap-gaç ýu­wu­jy seriş­de­le­ri­, ha­jat­ha­na tä­miz­leý­ji­le­ri­ni ön­dür­mek iş­le­rem gu­ra­ma­çy­lyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar.

Okap bilersiňiz  Turkmen delegation arrived in Madrid,

Hä­zir­ki wagt­da kär­ha­na­­da her aý­da ýo­ka­ry hil­li diş aras­sa­laý­jy se­riş­de­le­ri­ň or­ta­ça 500 mü­ňüsi,sa­byn­la­ryň 2 mil­lio­ny, pä­ki­le­riň 1 mil­lio­ny, gap-gaç ýu­wu­jy se­riş­de­le­riň bol­sa 300 müň ga­by ön­dü­ril­ýär.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Okap bilersiňiz  Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama

IŇ TÄZE HABARLAR

Iň owadan zenan Julia Robertsiň filmleri

Owadan ýylgyryşy bilen meşhurlyga eýe bolan Golliwudyň iň owadan zenanlaryndan biri Julia Roberts karýerasynyň dowamynda köp sanly filmde surata düşdii. 90-njy ýyllary Riçard Giriň...

Ertirlik üçin ýeralmaly peýnirli tagam

Mähriban okyjylar, men bu gezek size ertirlik üçin taýýarlanyşy aňsat we öýüňizde bar bolan zatlar bilen datly tagamyň taýýarlanylyşyny öwretmekçi.
Okap bilersiňiz  Tomaşa merkezlerinde şu hepde
Munuň üçin gerekli önümler: 4...

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Pişijek bilen gyzjagazyň gürrüňi

Bu günlükçe öýüň işlerini boldum edip, çagalarymy ýuwundyryp düşege geçirdim. Uluja gyzym ýerine geçip-geçmänkä «Eje, erteki aýdyp beräýiň-dä?» diýip, gündeki haýyşyna başlady. Ukym gelip...

Söýgi-durmuşyñ özeni

(Oýlanma) Güller öz ajaýyp ysyny çar ýana ýaýradýar. Şol ajaýyp güller bilen durmuşyma girip geleniň ýadymda. Duýgular juda kän: tolgunmak, şatlanmak, gabanmak, begenç, söýgi… ....

Türkiýede “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly surat sergisi geçirildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasynda (TÜRKSOÝ) “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly surat sergisi geçirildi. TÜRKSOÝ edarasynyň resmi saýtynda berlişi ýaly,...

Türkmenistan sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde sport ulgamynda ýurdumyzyň alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berildi. Hasabatlardan görnüşi ýaly, Türkmenistan gysga wagtda halkara sport hyzmatdaşlygynyň...