29/10/2020 21:03
Home IŇ TÄZE HABAR “Täç hil”: Täze önümlerimiz bilen halkyň hyzmatynda bolarys

“Täç hil”: Täze önümlerimiz bilen halkyň hyzmatynda bolarys

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergisine gatnaşýan “Täç Hil” hususy kärhanasynyň hünärmeni Haknazar bilen söhbetdeş bolduk. Ol türkmen bazarynda özleriniň alyp barýan işleri bilen gyzykly gürrüňler berdi.

Haknazar ilki bilen paýtagtymyzda ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergi barada gürrüň beräýseňiz?

Häzirki wagtda şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşýarys. “Täç Hil” hususy kärhanasy özüniň önümlerini hödürleýär. Bu sergi örän ýokary derejede gurnalan we bu sergä gatnaşýandygymyz üçin örän buýsanýarys.

Indi bolsa Haknazar özüňiziň zähmet çekýän “Täç Hil” hususy kärhanaňyzyň sergide ýerleşdirilen önümleri barada gysgaça maglumat beräýseňiz?

Elbetde, “Täç Hil” hususy kärhanasy diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem daşary ýurtlarda gurnalýan sergilerde yzygiderli işjeň gatnaşýar. Häzirki sergimizde öndürýän önümlerimizi görkezmek bilen köpleriň ünsüni özümize çekmegi başarýarys. Kärhanamyz häzirki wagtda çygly süpürgiçleri, dürli görnüşdäki antibakterial serişdeleri öndürmek bilen uly tejribe toplady. Çygly süpürgiçler gaplarynyň we düzüm aýratynlyklary bilen biri-birinden tapawutlanýar. Mundan daşary “Täç Hil” hususy kärhanamyz suwuk arassalaýyş serişdeleri önümçiligini alyp barýar. Bulara: ýuwujy serişdeler, gap-gaç ýuwujy serişdeler, suwuk sabynlar degişli bolup durýar. Ýaňy-ýakynda kärhanamyz täzelikde önümçiligi ýola goýan antibakterial serişdeleri görmek hem bolar. Şeýle hem sergimiziň tekçelerinde antibakterial serişdeleri özüniň aýratynlygy reňki we görnüşi bilen tapawutlanýan hem-de gel görnüşinde antibakterial serişdelerini halk köpçüligine hödürleýäris. Gel görnüşinde antibakterial serişdelerinde esasy önümçiliginde has aýratyn formula eýe bolan düzüminde üzärlik dänejikleri bolan we hiç hili himiki goşundulardan we reňklendirijilerden goşulmadyk önümlerimizi ýerleşdiridik. “Täç Hil” hususy kärhanamyz Merkezi Aziýada döwletleriň arasynda gel görnüşinde antibakterial serişdeleri ilkinji öndüriji bolup tanalýar. Ýurdumyzyň çäginde ilkinji hiç hili alkogolsyz antibakterial çygly süpürgijiň önümçiligimiziň hem ýurdumyzyň çäginde ilkinjileriň hatarynda bolup durýandygymyzy buýsanç bilen bellemek bolar.

Okap bilersiňiz  Prokurorlar: Wezipä bellemek we wezipeden boşatmak
Okap bilersiňiz  Orta mekteplerde psiholog mugallym wezipesini girizmek

Ulanyjylar üçin nähili şertler döredilen:

“Täç Hil” hususy kärhanasy öz önümlerini amatly şertlerde ulanmaga, hat-da ýan torbalarda götermäge ulanyjylar üçin ähli şertleri döredilendir.

 “Täç Hil” hususy kärhanasyndan öndürýän önümlerden başga-da täze önümlerine garaşyp bilerismi?

Elbetde, dogry belläp geçýäňiz golaýda öz önümçiliklerimizi giňeltmek maksady bilen “Täç Hil” hususy kärhanamyz atyrlaryň önümçiligini hem ýola goýmak meýilleşdirýär.

Howa, Haknazar belleýişiňiz ýaly siziň kärhanaňyzyň önümlerini ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýerleşýän söwda nokatlarynda şeýle hem bazarlarda görmek bolar. Bu bolsa bizi begendirýär, buýsandyrýar. Haknazar häzirki wagtda dowam edip duran sergimiz barada öz ýürek buýsançlaryňyzy beýan edäýseňiz?

Ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän bu sergi ýokary derejede we guramaçylykly alnyp barylýar. Bu sergä ähli kärhanalar özleriniň zähmet üstünlikleri bilen gelipdirler. Sergide ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň işgärlerini, telekeçileriň birnäçesini, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini, talyp ýaşlarymyzy we şäherimiziň ýaşaýjylaryny sergimizde görmek bolýar. Sergä gatnaşyjylaryň özlerine gyzyklandyrýan soraglaryny ýeke-ýeke jogap bermäge synanyşýarys. Talaplaryny we isleglerini doly öwrenýäris we özümize aýratyn bellikleri alýarys. Pursatdan peýdalanyp, şular ýaly giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.

Okap bilersiňiz  Türkmenistan'da Nevruz Coşkusu

Köp sag boluň Haknazar beren täsinli we gyzykly maglumatlaryňyz üçin biz hem siziň işiňizde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyna arzuw edýäris.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

IŇ TÄZE HABARLAR

Täze “super” ak reňk tapyldy

Amerikanyň “Perdýu” adyndaky uniwersitetiniň hünärmenleri 95,5% göterim Gün şöhlelerini serpikdirmäge mümkiçlik berýän, aşa ýokary hilli ak boýagy döretdiler. Boýagyň düzüminde kalsiý karbonatyň saklanmagy täze...

Stambul metrosynyň täze ugurlary

28-nji oktýabrda Türkiýede “Mejidiýeköý– Mahmutbeý” ugry boýunça täze metro açyldy. Ilkinji ugry göni aragatnaşyk Stambul şäheriniň hkimi Ekrem Imamoglunyň görkezmesi esasynda sagat 12:00-da başlady....

Nikol Kidmanyň täze taslamasy

Awstraliýaly 53 ýaşly aktrisa Nikol Kidman, Endrýu Bowelliň drama eseri esasynda surata düşüriljek “Bu zatlaryň hakykatdygyny bilýärin” dramasynda baş keşbi janlandyrjakdygyny mälim etdi. Kidman...

Muskyň kosmos internetiniň bahasy

Elon Muskyň eýeçiligindäki hususy kosmos kompaniýasy “SpaceX” -iň hemra esasly global internet taslamasy “Starlink” -iň bahasy mälim edildi.
Okap bilersiňiz  Eksport : 84,1 Milliard Amerikan Dollaryna deň
Hususy kosmos kompaniýasy “SpaceX” -iň iň möhüm...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

2020 Amerikan aýdym-saz baýraklarynyň dalaşgärleri

Amerikan aýdym-saz baýraklarynyň 2020-nji ýyldaky dalaşgärleriniň sanawy çykdy. Dalaşgärler duşenbe güni yglan edildi, Dua Lipa "Ertiriň haýyrly Amerika"-da birnäçe kategoriýada dalaşgärleri yglan edildi, galanlary...

Çempionlar ligasynyň 2-nji duşuşyklary: Messi bilen Ronaldo duşuşarmy?

Futbol janköýerleri üçin futbol duşuşyklar dowam edýär. Bu hepde UEFA Çempionlar ligasynyň toparçalardaky ikinji duşuşyklary başlanýar. Bu hepdäniň gyzykly duşuşyklary “Barselona” bilen “Ýuwentusyň” arasynda...

Söýgi-durmuşyñ özeni

(Oýlanma) Güller öz ajaýyp ysyny çar ýana ýaýradýar. Şol ajaýyp güller bilen durmuşyma girip geleniň ýadymda. Duýgular juda kän: tolgunmak, şatlanmak, gabanmak, begenç, söýgi… ....

BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Ýerine ýetiriji...