30/11/2020 6:58
Home TELEKEÇILIK Daýhan maşgalasyndan öz ýurdunyň iň baý adamy bolan: Robin Li

Daýhan maşgalasyndan öz ýurdunyň iň baý adamy bolan: Robin Li

Robin Li (Li Yanhong) –  1968-nji ýylyň 17-nji noýabr aýynda doglan hytaýly internet telekeçisi we Hytaýyň iň meşhur “Baidu” gözleg motorynyň esaslandyryjysy bolup durýar. Şeýle hem ep-esli möçberdäki baýlygy bilen Hytaýyň iň baý adamy hökmünde dünýäde tanalýar. Gysga wagtyň içinde gazanylan bu üstünligiň durmuşy okyjylarymyza gyzykly bolsa gerek. Geliň, bu üstünlikli adamyň ylham berýän durmuşyna we başdan geçiren kynçylyklaryna göz aýlalyň.

Robin Li Hytaýyň Şançi şäherinde,  daýhan maşgalada doglan bäş çaganyň biridir. Ejesi hemişe okamalydygyny, maşgalasynyň geljeginiň ýokdugyny, şonuň üçin hem özüni halas etmelidigini aýdýardy. Robin Li ejesiniň sözlerine üns berýärdi, düşünýärdi, öz öňünde maksat goýup, şol maksatlara hem ýetmek üçin çemeleşýärdi. Şançi şäherinde mekdebe başlan kiçijik Li, esasanam ejesiniň aýdanlaryny etmek bilen mekdepde üstünlikli okuwçy boldy. Çagalygy we okuw ýyllary kynçylyk çeken Li Yanghong, orta mekdebi tamamlandan soň paýtagt Pekinde uniwersitete başlady. Orta mekdebiň üstünlikli okuwçysy Robin Li uniwersitetde geljekdäki ösüp barýan hünärlerden informatikany saýlady. Pekin uniwersitetinde dört ýyllyk talyplyk durmuşyny tamamlandan soň, ýaş Li Yonghong arzuwlaryny amala aşyrmagyň ýeke-täk ýoluny ABŞ-da gözlemek bilen bu ýurda gitmek kararyna geldi. ABŞ barandan soň, Buffalo uniwersitetinde kompýuter ugruny okap, öwrenip başlady. 1994-nji ýylda magistr derejesi bilen Buffalo uniwersitetini tamamlan Li Yonghong, öz ýurduna dolanmagyň ýerine ABŞ-da iş durmuşyna başlady. Bu ýerde gözleg motory algoritmleriniň üstünde işläp başlan Li ömrüniň soňky döwrüni gözleg motorynyň ösüşine bagyşlady.

Okap bilersiňiz  Gallup: Türkmenistan vatandaşları dünyanın en sakin halkı

“IDD” Maglumat hyzmatlarynda işe başlan Li Yonghong, gözleg motorlary üçin sahypalaryň sanawyny ölçeýän “RankDex” atly algoritm döretdi. Karýerasyna ABŞ-da başlandan soň Robin Li adyny alan Li Yonghong, Amerikanyň “RankDex” algoritmi üçin Patent institutyndan patent aldy.

Okap bilersiňiz  «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» Paýdarlar jemgyýeti täze taslama amala aşyrar

Patent alansoň, Robin Li indi täze mümkinçilikleri gözläp başlady. Oňa bu mümkinçiligi Hytaý hökümeti berdi. Hytaý hökümetiniň goldawy bilen biohimik dosty Erik Hula bilen “Baidu” gözleg motoryny döretdi. ABŞ-nyň maýa goýum banklaryndan “Integrity Partners” we “Peninsula Capital” -dan 1,2 million dollar karz alyp, “Baidu”-ny esaslandyran Robin Li we onuň hyzmatdaşynyň mundan beýläk  ýollary açykdy.

Robin Li esaslandyran gözleg motoryna at bermekde gaty seresaplydy. Baidu ady 800 ýyl mundan ozal, aýdym dinastiýasy döwründe ýazylan goşgudan alnypdyr. “Baidu” idealyň hemişelik gözlegini aňladýardy.  2010-njy ýylyň maglumatlaryna görä, “Baidu”-da 11 müň adam işledi. Hytaý  500 million internet ulanyjy bilen internet ulanyjy bazarynda ABŞ-dan iki esse köpeltmegi başarypdy. Bu görkezijiniň gysga wagtda 750 milliondan gowrak  hem boldy. Şeýle çalt ösýän bazarda “Baidu”-nyň eýesi Robin Li her gün baýlygyna baýlyk goşmagyny dowam etdirýär.                                                         Sabyrlylygyň, zähmetiň we ideallara ymtylmagyň üstünlik getirýändiginiň ýene bir anyk mysalyny bilelikde gördük! Ilki bilen ýagdaýlar isleýşiňiz ýaly bolup bilmez. Robin Li ýaly kynçylykda ulalan bolmagyňyz mümkin, ýöne hakyky üstünlik üçin hiç zat bahana däldir. Islegleriňiz üçin sabyr etmegi we söweşmegi hiç wagt bes etmersiňiz diýip umyt edýäris!

Okap bilersiňiz  Uçýan ulaglaryň ýaryşy

“Eger geçmeli ýoluňy anyk bilýän bolsaň, päsgelçilikler “üns bermeli ýeriň” bolup bilmez.”

                                                                                         Robin Li (Li Yanhong)

 

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Okap bilersiňiz  La Liga 8-nji iýundan başlap dowam eder

IŇ TÄZE HABARLAR

Saýlaw möwsümi başlaýar : Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Okap bilersiňiz  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine täze ýolbaşçy
Oňa Merkezi...

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny...

“Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. 1.10. Ady agzalan türkmen romanyndaky “Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda gysgajyk maglumat Sagdyn düşünje sapaklaryna geçmezden...

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Gazanç  gazanmak maksady bilen biznese baş goşýan, bazardaky haýsyda bolsa bir  kemçiligi aradan aýyran we töwekgelçilik eden şahsa telekeçi diýilýär. Telekeçilik işini ýa-da bu...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

2021-nji ýylyň önümçilik senenamasy hakynda

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň hem-de döwlete dahylly bolmadyk ýuridiki we fiziki taraplaryň dykgatyna! Iş wagtynyň ölçegleri 8...

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Gazanç  gazanmak maksady bilen biznese baş goşýan, bazardaky haýsyda bolsa bir  kemçiligi aradan aýyran we töwekgelçilik eden şahsa telekeçi diýilýär. Telekeçilik işini ýa-da bu...

Ronaldo Messiniň rekordyna ýetdi

Çempionlar ligasynda Italiýanyň “Ýuwentus” topary bilen Wengriýanyň “Ferenswaroş” toparynyň arasyndaky duşuşyk dünýä belli portugaliýaly hüjümçi Kristiano Ronaldo üçin aýratyn ähmiýetli boldy. Bu duşuşykda tapawutlanan...

Türkmenistan Owganystandaky taslamalara 1,250 milliard dollar goýberdi

Ženewa şäherinde Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisiniň barşynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Dabarada çykyş etmek bilen, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad...