No menu items!
8.9 C
Istanbul
16/07/2020 7:28
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Baýlaryň baýlygy 255 milliard dollar artdy

Baýlaryň baýlygy 255 milliard dollar artdy

Soňky iki aýyň dowamynda koronawirus pandemiýasyna garamazdan, dünýäniň iň baý 25 adamynyň umumy baýlygy 255 milliard dollar artdy. Şeýle maglumatlar “Forbes” žurnalynda çap edildi.

Dünýädäki iň baý 25 adamyň umumy baýlygynyň takmynan 1,5 trillion dollar töweregi bolup, ähli milliarderleriň baýlygynyň 16 göterimine deňdigi bellendi.

“Facebook” -yň esaslandyryjysy Mark Zukerbergiň bu döwürde iň köp gazanan boldy. Onuň baýlygy 31,4 milliard dollar artyp, 86,5 milliard dollara ýetdi. Soňky iki aýyň dowamynda “Facebook” -yň paýnamalary takmynan 60% ýokarlandy we 22-nji maýda rekord goýdy. Netijede, kompaniýany esaslandyryjysy dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 7-nji orundan 4-nji orna çykdy.

“Alibabadan” soň Hytaýyň ikinji uly onlaýn söwda platformasy bolan “Pinduoduo”-nyň esaslandyryjysy telekeçi Kolin Çžen Huan bu pandemiýadan iň köp peýda gördi. “Pinduoduo” -nyň paýnamasy 23-nji martdan bäri takmynan iki esse artdy we Huan 17,9 milliard dollar girdeji gazandy. Indi ol Hytaýda üçünji baý adam, onuň baýlygynyň 35,6 milliard dollara barabardyr.

“Amazon” -yň esaslandyryjysy we baş direktory Jeff Bezos bu döwürde 29,9 milliard dollar gazanyp, baýlygyny 146,9 milliard dollara ýetirdi. Žurnalyň habaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamy bolmagynda galýar. Netijede, “Amazon”-yň paýnamalary mart aýyndan bäri 29% ýokarlandy.

“Microsoft”-yň esaslandyryjy Bill Geýtsiň baýlygy 11,9 milliard dollar artyp, 106,5 milliard dollara ýetdi.

LVMH (Lui Vuitton Moet Hennessy) fransuz kompaniýalar toparynyň baş müdiri Bernard Arnonyň emläginiň umumy bahasy 12,8 milliard dollar artyp, 94,1 milliard dollara, “Berkshire Hathaway”-iň maýa goýum gaznasynyň başlygy Uorren Baffetiň emlägi 6 milliard dollar artyp, 69,2 milliard dollara ýetdi.

Fewral aýynda metbugatda koronawirusyň ýaýramagy sebäpli dünýäniň iň baý 500 adamynyň jemi 444 milliard dollar ýitirendigi habar berlipdi. Şonda Jeff Bezos, Bill Geýts we Bernard Arno iň köp ýitgi çekipdi.

IŇ TÄZE HABARLAR

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri...

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi. Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

COVID19 : Aşgabatda BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýeti bilen gepleşikler

2020-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň konsultatiw-tehniki missiýasynyň bilermenleri bilen duşuşygy...

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň birnäçe welaýatlarynda bolup geçen giň gerimli suw joşgunlary netijesinde köp sanly adam pidalary,...

TFF-niň ýygnagy geçiriler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy öz resmi saýtynda 13-nji iýulda federasiýanyň ýolbaşçylarynyň, eminleriň we tälimçileriň gatnaşmagynda maslahatyň geçiriljekdigini habar berdi. Maslahatda milli çempionatymyzyň birinji we ikinji aýlawynyň...

Immuniteti ýokarlandyrmagyň tebigy usullary

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli nusga­wy ki­ta­byna girizilen halk luk­man­çy­ly­gyn­da ulanylýan se­riş­de­le­riň kä­bi­rin­den im­muni­te­ti ýo­kar­lan­dy­ry­jy der­man­lyk şer­bet­le­riň taý­ýar­la­ny­ly­şy­ny hödür­le­ýä­ris. Ga­ny aras­sa­lap, im­mu­ni­te­ti...