27/11/2020 10:03
Home TELEKEÇILIK Awtoduralgalar we guşçulyk toplumy hususylaşdyrylar

Awtoduralgalar we guşçulyk toplumy hususylaşdyrylar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli ulanmak maksady bilen “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Aşgabat şäher häkimliginiň 9 sany köp gatly awtoduralgasyny we Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçylyk toplumyny olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni, salgyly satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy.

Milli Liderimiz bu Karara Ministrler Kabinetiniň nobatdaky sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde gol çekdi.

Mejlisde berlen hasabata görä, hususylaşdyryljak desgalara Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky pudagara merkezi toparyň mejlisinde bellenen tertipde seredildi.

Okap bilersiňiz  Şwesiýada elektronika isleg ýokarlandy

IŇ TÄZE HABARLAR

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi.
Okap bilersiňiz  Balkanabatly telekeçi miweçilik işiniň gerimini giňeldýär
Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Nebit guýylarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçiligine ornaşdyrmak arkaly nebit guýylarynyň önüm berijiligini...

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady...

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Hepdelik täleýnama (23-29-noýabr)

2020-nji ýylyň 23-29-njy noýabr aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda...

Türkmenistan sebit we global ekologiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berýär

«Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisiniň barşyndaky çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň ekologiýa ugry boýunça nukdaýnazaryny beýan etdi.
Okap bilersiňiz  Üstünligiň ýollary
Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy «Merkezi...

.“Ussat” we “hoja” düşünjesi hakynda gysgajyk maglumat

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. Bilnişi ýaly, türkmenlerde XVII-XVIII asyrlarda “ussat” düşünjesiniň ulanylandygyny ataly ogluň ikisiniň-de eserlerinde görmek mümkindir. Biz makalamyzyň başlarynda...

Horasan Ýurdunyň Geçmişinden

At deminden doldy zemin hem asman, Horasanyň gerdi-häki bilinmez Magtymguly  Gadymy geçmişiň gyzykly bolşy ýaly, onuň tejribesi hem örän möhümdir. Özümizden ozalky geçen eždatlarymyzyň welilik bilen kesgitleýşi...