27/11/2020 22:52
Home TELEKEÇILIK Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň desgalary açyldy

Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň desgalary açyldy

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda baky Bitaraplygymyzyň şany 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlup, ulanmaga berlen durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Barha gözelleşýän Aşgabadyň günbatar böleginde belent ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän gözel künjek peýda boldy. Bu ýerde zerur ýol-ulag düzümi döredildi. Aýlawly awtomobil ýolunyň çatrygyny bolsa täsin türkmen Alabaýynyň ýadygärlik binasy bezeýär. Şeýle hem şäheriň bu böleginde iň häzirki zaman talaplaryna, dynç alyş we hyzmatlar ulgamynyň desgalaryna bildirilýän talaplara kybap gelýän “Gülzemin” söwda-dynç alyş merkezi bina edildi.

16-NJY TAPGYRDA 16 SANY BELENT ÝAŞAÝYŞ JAÝY

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda gurlup, ulanmaga berlen ähmi amatlyklary özünde jemleýän belent gatly ýaşaýyş jaýlar bilen tanyşlygyny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň binasyndan başlady.

Hormatly Prezidentimiz täze jaý toýuny toýlaýan bagtyýar maşgalany gutlap, olaryň işi we maşgala ýagdaýy bilen gyzyklandy. Soňra hormatly Prezidentimiz taze jaýyň otaglarynyň ýerleşdirilişi we abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

“AKYLLY ÖÝ” ULGAMY ORNAŞDYRYLYPDYR

Okap bilersiňiz  Türkmenistan bilen Tokio Olimpiýa komiteti arasynda hyzmatdaşlyk

Täze 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynda amatly we abadan ýaşamak üçin ähli şertler döredilendir. Olarda ähli amatlylyklary, şol sanda giň myhman otaglaryny, amatly ýatylýan otaglary, häzirki zaman durmuş enjamlary bilen üpjün edilen aşhanalary, kömekçi jaýlary öz içine alýan amatlyklylaryň doly toplumy göz öňünde tutulan 3,4 we 5 otagly öýler ýerleşdirilendir. Ýeri gelende aýtsak bu öýi “akylly öý” diýlip atlandyrýandygyny bellemeli. Munuň özi bu öýde durmuş düzümine degişli ähli düzümleriň sanly ulgam arkaly enjamladyrylandygyny äşgär edýär.

Paýtagtymyz Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-y hem-de 12 gatly 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy bina edildi.

Dabaranyň çäklerinde her bir öýün ýanynda aýdym-sazlar ýaňlanyp, joşgunly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde umumy uzynlygy 5 kilometr 5640 metre deň bolan täze ýollar çekilipdir. Olar zerur tehniki serişdeler bilen üpjün edilip, ýerasty pyýada geçelgeler hem-de ýolagçy ulaglar üçin duralgalar bilen üpjün edildi.

Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Medeniýet ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şol sanda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça köp gatly ýaşaýyş jaýlary guruldy.

Okap bilersiňiz  Dünýäde iň uzyn Internet kabeli çekilýär
Okap bilersiňiz  Lewandowski iň köp geçiren futbolçy

Bu taslamalaryň ählisiniň diýen ýaly Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlandygyny bellemek gerek.

“GÜLZEMIN” SÖWDA-DYNÇ ALYŞ MERKEZI

Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde “Gülzemin” söwda-dynç alyş merkezi bina edildi. 3,8 gektar meýdany eýeleýän 43 müň 560 inedördül metr ýerde 3 gatly bina guruldy.

Söwda-dynç alyş merkezinde jemgyýetçilik iýmit kärhanasy bolup, 800 we 400 orunlyk toý dabaralary geçirmek üçin 2 sany zal, 200 we 100 orunlyk restoran, 5 sany çaýhana ýerleşdirilipdir.

Bu ýerde 15 müň inedördül metr ýerde bölek söwda dükany bar. Alyjylar ýokary hilli harytlary hödürleýän marketleriň we söwda dükanlarynyň 65-si häzirki zaman ülňüleri esasynda enjamlaşdyryldy. Şeýle hem bu ýerde durmuş hyzmatlary edarasy we dermanhana ýerleşýär.

Söwda merkezinde 90 orunlyk kino zallaryň 2-si, köp dürli attraksionlary öz içine alýan dynç alyş we şüweleňler zolagy ýerleşýär. Çagalar üçin oýun meýdançalaryň 4-si göz öňünde tutulypdyr.

Internete birikmezden (offline ) habarlary okamak: Saýlamak mümkinçiligi

Applikasiýamyz offline işleýär we Siz internete birikmedik wagtyňyz hem Ata Watan habarlaryny okap bilersiňiz! Şeýle hem  islän habaryňyz boýunça Size hususy bildiriş gelmegini sazlap bilersiňiz!  Siz “sada görnüşi” saýlap WIFI ulgamyna birikmedik wagtyňyz mobil internetiňizi tygşytlap bilersiňiz! Ine biziň täze applikasiýamyzyň esasy aýratynlyklarynyň käbirleri!

Okap bilersiňiz  Lewandowski iň köp geçiren futbolçy

Applikasiýamyzy indirip alyň

Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň  täzelenen applikasiýasyny  öz mobil telefonyňyza indirip almak isleseňiz şu ýere basyň!  Applikasiýany ýüklemek üçin şeýle hem  Google Play-dan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp gözleg edip bilersiňiz!  Aşakdaky suratyň üstüne basmak bilen Applikasiýany ýüklemek mümkin! Applikasiýamyzy indiriň we aşakda sanaýan aýratynlyklarymyzy halajakdyňyza ynanýarys!

Okap bilersiňiz  Söýgi — durmuşyň özeni

Okap bilersiňiz  Bir günde 6 milliard dollarlyk girdeji

IŇ TÄZE HABARLAR

Gözlegler we açyşlar: Amyderýa Hazynasy

“Amyderýa  Hazynasynyň  Syry” atly makalamyza dowam edýäris. Mälim  bolşy  ýaly  ýurdumyzyň  günorta  etraplary (Parfiýanyň  we  Margiananyň  ýerleri)  Ahemenitler  döwletiniň  21  satrapynyň (adminstratiw  birlik: etrap ...

Aman Kekilowyň eserlerinde “mugallym” we “mugallymçylyk” düşünjeleri

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.
Okap bilersiňiz  Wirtual sergi: Türkmenistan
Şahyr, ýazyjy, alym Aman Kekilowyň türkmen edebiýatynda özboluşly yz galdyrandygy bellidir. Onuň şygyr setirleri bilen bezelen “Söýgi”...

Turkmenistan- Home of Neutrality and Role of ECO CCI in Sustainable Development

In my congratulatory message to Turkmenistan President H.E. Gurbanguly Berdimuhamedov and people of Turkmenistan, It is gratifying that December 12 has been adopted by...

Halil Avcı : Daimi Tarafsızlık – dünyada barış ve kardeşliğin güvencesi

Kardeş ve dost ülke konumundaki Türkmenistan için 2020 yılı ayrı bir öneme sahiptir. 12 Aralık 1995'de Birleşmiş Milletler Genel Kurulunda 185 ülkenin oy birliği...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan Ženewada geçirilýän maslahata gatnaşýar

2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Ženewada Owganystan boýunça ýokary derejeli iki günlük maslahat öz işine başlady. Ol onlaýn görnüşinde Owganystan Yslam Respublikasynyň we Finlýandiýa Respublikasynyň...

Bitaraplyk sahypamyz öz işine başlaýar

Şu günler Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny belleýär. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Diýarymyzyň...

«Baýlar hem aglaýarlaryň» baş gahrymany aradan çykdy

«Ýabany bägül» we «Baýlar hem aglaýarlar» köp bölümli filmleriniň ýyldyzy, meşhur meksikaly akrtisa Maleni Morales aradan çykdy. Bu barad Meksikanyň Milli aktýorlar assosiasiýasy habar...

Iňňäniň ujundan dünýäniň güýjüne: Berdiguly Amansahatow

Teatr suratkeşi, senograf Berdiguly Amansahatow hakynda ... Ol gün güýz günidi... Entegem ýadymda... Ussahananyň inçejik merdiwanyndan ikinji gata barylýan ýodajyk uzaklardan görünýärdi. Güýzüň baslygan ýodalarnyň “üsti”...