TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Telekeçileriň sergisi we maslahaty geçiriler

17-18-nji martda Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde türkmen hususy işewürliginiň gazananlarynyň sergisi bolup geçer, ol adatça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe gabat getiriler, şu ýylda birleşme özüniň on üç ýyllygyny belleýär. Bu barada hususy pudagyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

170 TELEKEÇI SERGÄ GATNAŞAR

Eýýäm TSTB-niň 170 sany agzasy bu çärä gatnaşmaga isleg bildirdiler. Olaryň içinde oba hojalygy, azyk gaýtadan işleýän, senagat önümçiligi, gurluşyk, gurluşyk materiallarynyň we elektroenjamlaryň önümçiligi, söwda, syýahat, bilim, IT-tehnologiýalary, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamy, halk senetçiligi we beýlekiler boýunça işleýän hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri.

Gözden geçirilişiň esasy maksady – Watanmyzyň telekeçiligiň diňe bir üstünliklerini däl-de, onuň mümkinçiliklerini ýaýyp görkezmeklik. Şonuň üçin esasy üns dürli ulgamlardaky täzeçilikler bilen tanyşdyrylyşda jemlener, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we daşary ýurtlara ibermek üçin niýetlenen önümleriň önümçiliginde telekeçiler tarapyndan ulanylýan innowasion işlenip taýýarlamalara üns beriler.

Şeýle hem Sergiler merkeziniň meýdançasynda täze modaly lybaslaryň “Ýaz-Tomus-2021” ýygyndysynyň görkezilşi geçiriler.

TSTB-niň işewürlik merkezinde geçiriljek maslahatda hususy bölegiň öňünde duran düýpli döwlet maksatnamalary boýunça wezipeleri durmuşa geçirmegiň aspektleri, iri döwlet sargytlaryny we maýa goýum taslamalaryny ýerine ýetirmeklik, hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri we watanmyzda öndürilýän harytlary daşary ýurtlara hödürlemek boýunça barha giňelýän mümkinçilikler barada soraglar ara alnyp maslahatlaşylar.

 

 

Haýsy durmuşy islärsiňiz?

 

 

 

Ýene-de okaň

Biržada nebit önümleri uly isleg bildirilýär

Türkmenistanyň Astrahandaky logistika merkezi Merkezi Aziýanyň Russiýa deňiz çykalgasy bolar

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan Rumyniýa tebigy gaz iberer

Ata Watan Eserleri

Teswirle