TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Telekeçiler «Türkmen alabaý itleri» merkezlerini gurar

Düýn  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde maslahat geçirildi. Maslahata telekeçiler, paýtagtymyzyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek baradaky kabul edilen çözgüdiň wajypdygyny bellediler.

Assosiasiýanyň döredilmegi bilen türkmen alabaýlaryny köpeltmek boýunça işler täze derejä çykarylar, munuň özi olary terbiýelemäge we saklamaga has çuňňur aralaşmaga giň mümkinçilik berer. Assosiasiýanyň döredilmegi ýurdumyzda itleriň bu şöhratly tohumynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga, olary köpeltmäge hem-de gorap saklamaga ýurdumyzda ägirt uly ähmiýet berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr diýip, çykyş edenler nygtadylar.

Şunuň bilen bir hatarda, şu gün — 7-nji maýda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky döwlet weterinar gullugynyň weterinar bejerişhanasy hem-de öý haýwanlaryny saklaýan täze toplumy ulanmaga bermek dabarasy geçirildi.

Bu ýere ýygnananlar bu desganyň türkmen hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan bina edilendigini aýratyn belläp, ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmek baradaky aladalary we berýän ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we uzak ömür, beýik işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Hususy kärhanalaryň hünärmenleriniň tagallalary bilen saglygy goraýyş ulgamynyň birnäçe desgalary, täze mekdepler, çagalar baglary ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň telekeçileri paýtagtymyzyň şähergurluşyk taslamalaryny amala aşyrmaga hem işjeň gatnaşýarlar.

Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde «Türkmen alabaý itleri» merkezlerini gurmak baradaky teklibi beýan edildi. Bu işiň hususy gurluşyk kärhanalaryna tabşyrylýandygy baradaky habar ýygnananlar tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi. Mundan başga-da, täze weterinar bejerişhanalary gurlar.

Ýurdumyzyň telekeçileri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz işlerine berýän ünsi we goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda guruljak «Türkmen alabaý itleri» täze merkezleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyz bolan türkmen alabaýlaryny mundan beýläk-de wagyz etmekde hem-de şan-şöhratyny artdyrmakda möhüm orny eýelejekdigi nygtaldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine ünsi çekip, meýilleşdirilen ähli işleriň ýokary hilli we bellenen möhletinde ýerine ýetiriljekdigine milli Liderimizi ynandyrdylar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle