TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Telekeçilere goldaw: Telekeçilik işiňizi tölegsiz tanyşdyryň

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagyny — telekeçiligi ösdürmek ugurnda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümindäki hususy wekiliýetiň agzalarynyň sany yzygiderli köpelýär. Ýurdumyzda önümçiligiň hem agramly bölegi hususy telekeçileriň paýyna düşýär. “Ýurdumyzyň altyn gaznasy” hasaplanýan telekeçiler azyk, gurluşyk we dürli durmuş maksatly önümleriň önümçiliginde uly işleri alyp barýarlar. Şeýle hem hususy pudagyň wekilleri, gurluşyk, hyzmatlar we beýleki ugurlarda hem işleriniň çägini yzygiderli giňeldýärler.

Biz hem halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty hökmünde telekeçilerimiziň alyp barýan işleri baradaky tanyşdyrylyş makalalaryny giň okyjylar köpçüligine ýetirip bermäge taýýardyrys. Sizden gelýän maglumatlar esasynda makalalary internet sahypamyzda ýerleşdirip, ony saýtymyzyň “Instagram”, “Facebook” ýaly jemgyýetçilik torlary arkaly hem has köp jemgyýetçilik köpçüligine ýetirmäge ýakyndan ýardam bereris.

Häzirki döwürde şeýle tanyşdyryş makalalar mahabat görnüşinde hem giňden ulanylýandygyna garamazdan, döredijilik toparymyz bu hyzmatdaşlyga neşir ediji-telekeçi arasyndaky mahabat gatnaşygy hökmünde garamaýar we şeýle tanyşdyryş hyzmatdaşlyk üçin haýsy-da bolsa bir töleg kabul etmeýär. Biz şeýle hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň altyn gaznasy bolan telekeçilerimiziň alyp barýan oňyn işlerini giň sarp edijiler köpçüligine ýetirmäge goşant hökmünde görýäris.

Bu hyzmatdaşlyk esasan hem okyjylarymyz üçin giň maglumat çeşmesi bolup hyzmat eder! Biz bu hyzmatdaşlygy tölegsiz (biziň pikrimizçe bolmalysam şeýle) hökmünde hödürleýändigimizi aýratyn nygtamagymyzyň esasy sebäbi bolsa, telekeçilerden wagtal-wagtal şeýle habar görnüşli mahabatyň tölegi barada soraglaryň gelip gowuşmagydyr. Biz şu wagta çenli saýtymyza telekeçilik işleri barada, şeýle hem kärhanalaryň alyp barýan işleri barada tölegsiz görnüşde birnäçe makala ýerleşdirdik.  Biziň üçin esasy zat, ýerine ýetirilýän işleriň sarp edijiler üçin peýdaly bolmagy we telekeçilik işleriň kanunçylyga görä ýerine ýetirilmegidir.

Eger Siz hem  telekeçilik işleriňiz barada tölegsiz tanyşdyrmak isleýän bolsaňyz biznesatawatan@gmail.com  salgysyndan biziň bilen habarlaşyp bilersiňiz!

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Hojalyk Jemgyýetini bellige almak üçin gerekli resminamalar

Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Hormatly okyjylarymyz!

Siz şeýle hem, saýtymyza ýerleşdirilen habarlardan gyzgyny bilen “habardar” bolmak üçin biziň aşakda görkezilen jemgyýetçilik torlardaky hasabymyzy yzarlaň!

Resmi  hasaplarymyz:

Bu hasaplarymyza girmek üçin hasaplaryň ady ýazylan gök ýere basyň ýa-da hasaplara degişli suratlara basyň!

Linkedin hasabymyz

Facebook Hasabymyz

 

Instagram hasabymyz

Twitter hasabymyz

Habarlarymyzy IMO hasabyndan okamak üçin +993 65 80 24 70 belgili telefondan goşulyň

 

Ýene-de okaň

Koreý kompaniýalary Türkmenistandaky “akylly şäher” taslamalaryna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: täze ylalaşyklara gol çekildi

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ykdysady ugurlary

Teswirle