TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Telekeçiler Türkmenistana «John Deere» tehnikalaryny getirýärler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 107-siniň buýurmalary boýunça jemi 785 tehnika, şol sanda 287 traktor, 48 kombaýn, 450 enjam getiriler. Deslapky tapgyrda «John Deere» kompaniýasynyň «JD 6155M» traktorlary hem-de «JD M724» kysymly ynjamlary getirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek hakynda» Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň — karz alyjynyň adyndan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň «John Deere Walldorf GmbH & Сo.KG» kompaniýasyndan satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahasynyň 85 göterimini maliýeleşdirmek üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Deere Сredit Inс.» kompaniýasy — karz beriji bilen degişli karz ylalaşygyny 8 ýyl möhlete baglaşmaga, şol karz ylalaşygy bilen bagly resminamalary resmileşdirmäge hem-de olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga; oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn alýan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň hyzmat ediji banklary bilen 8 ýyla çenli möhlete içerki karz ylalaşyklaryny baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu resminama Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen «John Deere Walldorf GmbH & Co.KG» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Strategik ylalaşyga laýyklykda taýýarlanyldy. Ylalaşyga birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde gol çekilipdi.

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle