TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Telekeçiler : Nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmek

Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň resmi web saýtynda neşir edilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň 2020-nji 18-nji iýunyndaky 162-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2019-njy 30-njy iýunynda 1352 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alynan “Hususy telekeçileriň ygtyýarly karz edaralaryndaky bank hasaplaryna gelýän nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň ýa-da fiziki şahslaryň hasabyna geçirmegiň Tertibine üýtgetmeleri girizmek barada” buýrugyna laýyklykda hususy telekeçileriň bank hasaplaryna gelýän nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň ýa-da fiziki şahslaryň hasabyna geçirmegiň Tertibi kämilleşdirildi.

Şol buýrugy Size ýetirýäris.

“Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda”, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, “Pul we alyşçalyş amallarynyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda çykaran 13240-njy kararyny ýerine ýetirmek, hem-de hususy telekeçileriň ygtyýarly karz edaralaryndaky bank hasaplaryna gelýän nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň ýa-da fiziki şahslaryň hasabyna geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

  1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda 925 belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň Başlygynyň 2015-nji ýylyň 28-nji awgustynda çykaran 327-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, Hususy telekeçileriň ygtyýarly karz edaralaryndaky bank hasaplaryna gelýän nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň ýa-da fiziki şahslaryň hasabyna geçirmegiň Tertibiniň: On dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“14. Ygtyýarly karz edaralar bilen hususy telekeçileriň özara gatnaşyklary, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, şertnama esasynda amala aşyrylýar. Hususy telekeçiniň, şol sanda lomaý söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiniň telekeçilik maksatlary üçin bir senenama aýyň dowamynda nagt pul görnüşinde hasaplaşyk hasabyndan çykdajylary etmekliginiň möçberleri aşakdakylardan ybarat:

1) onuň şol aýda hasaplaşyk hasabyna nagt pul görnüşinde tabşyran möçberiniň 75 göteriminiň çäklerinde. Şunda, ýokarda görkezilen çykdajylaryň bölek söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiniň lomaý söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçi bilen baglaşylan satyn almak-satmak şertnamasy esasynda, bölek söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiniň hasaplaşyk hasabyna nagt pul görnüşinde tabşyrylan möçberinden lomaý söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçi bilen hasaplaşyklar geçirilen ýagdaýynda, galan pul möçberine amala aşyrlyp bilner;

2) onuň şol aýda hasaplaşyk hasabyna fiziki şahslar bilen töleg terminallaryny ulanmak arkaly geçirilen hasaplaşyklardan gelen möçberiniň 50 göteriminiň çäklerinde; 3) lomaý söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiniň bölek söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiler bilen baglaşylan satyn almak-satmak şertnamalary esasynda hasaplaşyklar geçirilende, bölek söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiniň öz hyzmat edilýän karz edarasyna nagt görnüşinde pul serişdelerini tabşyryp, töleg tabşyrygy esasynda lomaý söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiniň hasaplaşyk hasabyna nagt däl görnüşinde geçiren serişdelerden onuň telekeçilik maksatlary üçin nagt pullar 70 göteriminiň çäginde çykdajylary etmeklige rugsat berilýär. Töleg tabşyrygynyň tölegiň maksady meýdançasynda harytlary satyn almaksatmak şertnamanyň baglaşylan senesi we belgisi, geleşik boýunça tabşyrylan nagt pul serişdeleriniň möçberi, senesi we girdeji kassa orderiniň belgisi hem-de senesi görkezilýär. Hususy telekeçileriň bank hasaplaryna gelýän nagt we nagt däl pullary, şol sanda fiziki şahslar bilen töleg terminallaryny ulanmak arkaly geçirilen hasaplaşyklardan gelen nagt däl pullary nagt pul görnüşinde bermek üçin ygtyýarly karz edaralary tarapyndan özbaşdak bellenilýän ýygym hak-heşdekleriniň möçberleri we bank hyzmatlaryny etmek üçin tarifler, alynýan nagt puluň möçberine görä ösýän tertipde bellenilýär”.

  1. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Bank gözegçiligi, Pul dolanyşygy we emissiýa-kassa amallary, şeýle hem Daşary ýurt puluny kadalaşdyryş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirlikleriniň başlyklarynyň üstüne ýüklemeli.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle