TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Telekeçiler birleşmesi daşary ýurtda söwda öýlerini we wekilhanalaryny açar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylarynyň  gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň  söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.

Maslahatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa guramanyň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.

Senagat önümleriniň önümçiligi boýunça ösüş 103,5 göterime, oba hojalyk we azyk önümleri boýunça  134 göterime barabar boldy. Söwda-haryt dolanyşygy 103,7 göterime, ilata edilen hyzmatlar bolsa 110,1 göterime deň boldy.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi hem-de eksportuň mukdaryny artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär.  Döwletiň goldaw bermegi netijesinde, hususyýetçiler tarapyndan daşary ýurtlara eksport edilýän senagat we azyk harytlarynyň möçberi artdy.

“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, TSTB-niň agzalary sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýarlar. Şol sanda hususy önüm öndürijilerimiz, söwda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalar Internet söwdasynyň gerimini günsaýyn giňeldýärler, elektron söwda sahypalaryny açmak, ykjam elektron goşundylaryny döretmek hem-de dünýä belli Internet söwda ulgamlarynda ýurdumyzda öndürilen harytlary hödürlemek arkaly onlaýn usulda harytlary menzilara satmak we eltip bermek hyzmatlaryny giň gerimde amala aşyrýarlar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaryň esasynda 2020-nji ýylda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan önümçilik we durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 44-siniň gurluşygy tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy pudagyň ornuny giňeltmegiň döwletimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Birleşmäniň agzalary ýurdumyzda hususy telekeçiler üçin döredilýän amatly şertlerden peýdalanyp, içerki bazarda haryt bolçulygyny döretmek işinde uly tejribe topladylar. Ýurdumyzyň telekeçilerinň öndürýän önümleri ilatyň islegini kanagatlandyrmak bilen bir hatarda hususy ulgamyň eksport kuwwatyny artdyrýar.

Bu ugurda işleri dowam edip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän Söwda öýleriniň we birleşmäniň wekilhanalarynyň sanyny artdyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz TSTB-niň başlygyna anyk görkezmeleri berdi.

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle