TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Telekeçiler 400 iş orny döretdi

Şu ýyl ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan döredilen täze ýyladyşhanalarda dört ýüz iş orny döredildi. Oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdiriljek täze jaýlaryň meýdany 35 gektar artdy. Innowasion tehnologiýalar bu meýdanlarda ýylda 11 müň tonnadan gowrak gök önüm ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

TÄZE ÝYLADYŞHANALARDAN HASYL ALYNÝAR

Telekeçiler tarapyndan ýurduň ähli welaýatlarynda gurlan 6 sany häzirki zaman ýyladyşhana hojalygy öňden işläp gelýänleriň hataryna goşuldy. Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplaryndaky “Oguz ýoly” we “Daşkömür” HK-nyň ýyladyşhanalarynda pomidor ösdürip başladylar. Balkan welaýatynda häzirkizaman ýokary tehnologiýaly enjamlary we ösümliklere ideg etmegiň innowasion usullaryny telekeçi  Sapardurdy Nalyýew özleşdirdi. Mary welaýatynyň Sakarçage etrabyndan “Mähriban oba” HK-nyň täze ýyladyşhana hojalygy özüniň sekiz gektar ýerinde ýokary hasylly pomidor görnüşlerini arly ýyl ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýär. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda “Altyngalagurluşyk” HK täze ýyadyşhanalaryny üstünlikli özleşdirýär. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda “Altyn bürgüt” HK ýyladyşhanalarda gök önümlerden ajaýyp hasyl alýar.

TÄZE ÝYLADYŞHANALAR GURULÝAR

Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň maglumatlaryna görä, ýurduň oba ýerlerinde umumy meýdany 410 gektardan gowrak bolan 80-e golaý ýyladyşhana işleýär. Umumy meýdany 1,683 gektardan gowrak bolan 170-den gowrak ýyladyşhananyň gurluşgy alnyp barylýar. Ýene 16 hojalyk şu ýyl umumy meýdany 122 gektar bolan ýyladyşhananyň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär.

DAŞARY ÝURT BAZARYNA EKSPORT

Türkmenistanyň ýyladyşhana hojalyklary içerki bazary ýylboýy täze gök önüm: pomidor, hyýar, bulgar burç, ýertudana we beýleki ekinleriň dürli görnüşleri bilen üpjün edýär. Türkmen oba hojalyk öndürijileriniň eksport mümkinçili-de ösýär. Türkmenistanda ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän pomidor, GDA bazarlarynda uly meşhurlyk gazanyp, ýurduň esasy eksport harytlarynyň birine öwrüldi. Şu ýylyň ýedi aýynda hususy öndürijiler bahasy 56,5 million ABŞ dollary bolan 51 tonnadan gowrak pomidory ýurt daşyna satdylar, bu bolsa geçen ýylkydan iki esse köpdür. Ýyladyşhana önümleriniň tagamyna Russiýa Federasiýasynyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we beýleki ýurtlaryň sarp edijileri tarapyndan ýokary baha berildi.

TSTB: hususy himiýa zawodyny gurmak meýilleşdirilýär

Ýene-de okaň

Dizel ýangyjyna we nebit ýol bitumyna isleg bildirildi

Döwlet býujeti: çykdajylaryň 75 göterim durmuş ulgamyna gönükdiriler

Internet paketleriniň täze nyrhlary: Türkmenistan

Baş Redaktor

Teswirle