JEMGYÝET

Telefonyň ekrany üçin 500 millionlyk maýa goýum

Ykjam telefon önümçiliginiň öňdebaryjylaryndan Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy Hindistanda 500 million dollar möçberinde maýa goýum özleşdirip, täze zawod gurmagy meýilleşdirýär. Bu zawodda akylly telefonlar we beýleki elektron enjamlar üçin ekran öndüriler.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, Hindistanyň paýtagty Täze Delide guruljak zawod “Samsung”-yň bu ýurtdaky ilkinji giň gerimli maýa goýum taslamasy däl. “Samsung” kompaniýasy 2018-nji ýylda Hindistanyň Nioda şäherinde 700 million dollar möçberinde maý goýum özleşdiripdi. Bu şäherde gurlan zawod dünýäniň  iň uly telefon önümçilik desgalarynyň birine öwrülipdi.

Kompaniýada Hindistanda maýa goýumlaryny artdyryp, bu ýurtda bazar paýyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär. “Samsung” dünýäniň iň uly 2-nji ykjam telefon bazary hasaplanýan Hindistanda iň köp telefon satuwyny amala aşyrýan 2-nji şereketdir. Bu ýerde öňdeligi Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy eýeleýär.

Hindistan dünýäniň iň köp ilatly ikinji ýurdudyr. 1,3 milliard töweregi ilaty bolan Hindistan ykdysady taýdan ýokary depginde ösýän we tehnologiýa babatda hem öňdebaryjy ýurtlaryň biridir.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Rumyniýa okuw üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ÝUNISEF bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy

Arkadag şäherine ekologik taýdan arassalygy üçin täze güwänama berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa komissaryny kabul etdi