TEHNOLOGIÝA

Telefony ösümlikler bilen zarýadlandyryň!

Ylym ösümlikleriň berýän energiýasyny bireýýäm tassykladylar. Ispaniýaly alymlar bolsa ösümlikler, has takygy, otag gülleri arkaly telefonlarymyzy zarýadlandyrmagyň täze bir ýoluny işläp düzdüler. Ilkinji synaglar bolsa örän üstünlikli geçdi.

«Bioo» atly ispan tehnologiýa kompaniýasy öz işlerini şu usula gönükdirdi. Aslynda, kompaniýanyň hünärmenleri ösümlik dünýäsi bilen tehnologiýany baglanyşdyrmakda birnäçe işleri etdiler. Telefona otag gülleri arkaly zarýad bermek bolsa iň täze işleriň biridir.

Geçirilen barlaglar bir güldandaky gülleriň üç smartfony doly zarýadlandyryp biljekdigini görkezdi. Gülleriň eýesiniň ýekeje etmeli işi olary wagtly-wagtynda suwaryp, endigan boý almagyny gazanmak.

Başga bir ösümlik zarýad beriji bolsa çilili alymlar tarapyndan oýlanyp tapyldy. «E-Kaia» atly biologik gurluş fotosintez arkaly bölünip çykan elektronlardan toplanan energiýa bilen «akylly» telefonlara zarýad berip bilýär.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan emeli aň strategiýasyny kabul etdi

Saud Arabystanyda emeli aň mümkinçilikli howa menzili gurlar

Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda maglumat geçiriji ýurt bolar

Kiberhowpsuzlyk boýunça täze maksatnama taýýarlanýar

Emeli aň Hytaýyň awtoulag pudagyny üýtgedýär

“Alibaba” kompaniýasy emeli aň ulgamyna 52 milliard dollar maýa goýar