TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Telefonlar howadan zarýad alar

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy “Mi Air Charge” atly howa arkaly simsiz zarýad beriji tehnologiýasyny tanyşdyrdy. Kompaniýa enjamyň aýratynlyklary barada anyk maglumat bermeýär. Ýöne bu enjamyň nähili işleýişi barada we nähili enjamlara zarýad berlişi barada şeýle belleýär.

Munuň üçin otagyň islendik ýerinde enjamlara zarýad berjek ýörite zarýad bekedini gurnamaly. Soňra akylly enjamlary ulanyjylar, öýüň islendik ýerinde howa arkaly özleriniň enjamlaryny zarýad berip bilerler we şol wagtda telefonlarynda oýun oýnap hem bilerler. Bu howada zarýad beriş enjamynda iki sany antena ýerleşdiriler. Olaryň biri zarýad bermek enjamlaryny gözläp tapmak üçin niýetlener, beýlekisi bolsa enjamlaryň batareýasyna zarýad iberiji antena bolar.

Bu tehnologiýa bir wagtda ençeme enjamlary zarýad berip biler. Bu howada zarýad beriji beket gynansak-da hemme kompaniýalaryň enjamlaryna hyzmat edip bilmez.

“Xiaomi” kompaniýasy häzirlikçe howada zarýad beriji bekediň diňe “Xiaomi Mi 11” akylly telefonyna hyzmat edip biljekdigini habar berýär. Ýöne geljekde howa arkaly zarýad beriş tehnologiýasy, “Xiaomi” kompaniýasynyň mundan beýläk täze öndüriljek akylly telefonlaryna, sagatlaryna, ses beriji enjamlaryna, lampalaryna we beýleki enjamlara hyzmat etjekdigini buýsanç bilen belleýär.

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

 

Ýene-de okaň

“Ga­laxy S23” smart­fon­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy

Ata Watan Eserleri

“Facebook” ulanyjylarynyň sany 2 milliarddan geçdi

“Apple” şereketiniň önümlerindäki i harpynyň manysy

Teswirle