TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Telefon önümçiligini bes etmekçi

Bir döwürlerde mobil bazarynda gowy netijeleri görkezen Günorta Koreýanyň “LG” kompaniýasy telefon önümçiligini bes etmei meýilleşdirýär. Bu ugurda öz ýurdunyň “Samsung” hem-de hytaýly telefon öndüriji kompaniýalary bilen bäsleşikde asgyn gelýär we özüniň meşhurlygyny elden gidirip barýar.

Geçen hepde “LG Electronics” kompaniýasy mobil ugry boýunça işini togtadjakdygyny we ony 26-njy ýanwarda resmi taýdan yglan ediljekdigi barada habar berildi. “LG” kompaniýasynyň baş ýolbaşçysy Kwon Bong Sok kompaniýanyň mobil bazaryndan çykyp biljekdigini aýtdy. Eger telefon bazarynda garaşylýan söwda satuwy amala aşyrylmadyk ýagdaýynda bu düzümiň işini bes etmek göz öňnüde tutulýar.

Bu kompaniýanyň mobil telefonlary önümçilik düzümi soňky bäş ýylda umumy 4,5 milliard dollar ýitgi çekdi. Mobil bazary ägirt uly brend kompaniýalaryň birini ýitirip biler.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

“Ga­laxy S23” smart­fon­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy

Ata Watan Eserleri

“Facebook” ulanyjylarynyň sany 2 milliarddan geçdi

“Apple” şereketiniň önümlerindäki i harpynyň manysy

Teswirle