TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Telefon bazarynyň soňky ýagdaýy: “Apple” yza galdy

“IDC” halkara korporasiýasy ykjam telefonlaryň meşhurlygyny göz öňünde tutup, halkara smartfon öndüriji kompaniýalarynyň sanawyny düzdi. Täze reýtinde, Aziýanyň kompaniýalarynyň 3-si ABŞ-nyň “Apple” kompaniýasyndan öňe saýlandy.

Analitikler 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde satylan her ikinji smartfonyň hytaýly öndürijileriň önümi boljakdygyny belläp geçýärler.

2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde “Samsung” kompaniýasy öňe saýlanypdy. Onuň satan smartfonlarynyň sany 79.8 milliona deň boldy. Ikinji orny eýelän “Huawei” kompaniýasynyň söwdasy 50,9 milliona ýetdi. Hytaýyň soňky ýyllarda has köp telefon satýan kompaniýalaryň biri hasaplanýan “Xiaomi” kompaniýasy 46.2 million telefon söwdasy bilen üçünji boldy. “Apple” kompaniýasynyň degişli döwürdäki söwdasy 41,7 milliona deň boldy. Hytaýyň ýene-de bir kompaniýasy “Oppo” 31 million telfon söwdasy bilen 5-nji orunda galdy.

Umuman, üçünji çärýekde ykjam telefonlaryň saöwdasy 1 göterim azaldy.

 

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle