TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Telefon bazarynyň öňdebaryjysy kim?

“Omdia” atly analitik kompaniýasy 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda iň köp satylan telefonlaryň sanawyny düzdi. Bu ýyl birinji orny geçen ýylky ýeňijisinden uly ara tapawut bilen “iPhone 11” telefony eýeledi. Ol geçen ýylky “iPhone XR” telefonyň üstünligi gaýtalaman, ony ýeňip geçmegi başardy. “iPhone 11”-iň umumy satuwy 37,7 million sany boldy. Bu ikinji, üçünji we dördünji ýerlerdäki görnüşleriň umumy görkezijisinden has ýokary netijäni görkezdi. Umuman aýdylanda 10 görnüşiň dokuzysy “iPhone” modeline degişli bolup durýar. Indi bolsa biz, okyjylarymyza 2019-njy ýylyň we 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda iň köp satylan telefonlaryny grafik görnüşinde görkezmegi makul bildik.

2020-nji ýylyň birinji ýarymy 2019-njy ýylyň birinji ýarymy
T/b Görnüşi Kompaniýasy Görnüşi Kompaniýasy
1. “iPhone 11” “Apple” “iPhone XR” “Apple”
2. “Galaxy A51” “Samsung” “Galaxy A10” “Samsung”
3. “Redmi Note 8” “Xiaomi” “Galaxy A50” “Samsung”
4. “Redmi Note 8 Pro” “Xiaomi” “A5” “Oppo”
5. “iPhone SE (2020)” “Apple” “iPhone 8” “Apple”
6. “iPhone XR” “Apple” “Redmi 6A” “Xiaomi”
7. “iPhone 11 Pro Max” “Apple” “Redmi Note 7” “Xiaomi”
8. “Redmi 8A” “Xiaomi” “Galaxy J2 Core” “Samsung”
9. “Redmi 8” “Xiaomi” “iPhone XS Max” “Apple”
10. “iPhone 11 Pro” “Apple” “Galaxy A30” “Samsung”

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle