TEHNOLOGIÝA

“Teknofest” festiwaly geçiriler

Türkiýe Respublikasynyň tehnologiýa ulgamynda gazanan üstünlikleri açyp görkezýän “Teknofest” awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwaly geçiriler. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet we tanyşdyrma geňeşligi habar berýär.

“Teknofest” awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwaly 2017-nji ýylyň ýanwarynda durmuşa geçirildi. Ol Türkiýäniň ýerli tehnologiýa ulgamyndan gazanýan üstünlikleri açyp görkezmek bilen tehnologiýa önümçiliginde öňdebaryjylaryň hataryna goşulmagy maksat edinen Türkiýäniň Tehnologiýa topary gaznasy we Türkiýe Respublikasynyň Senagat we tehnologiýa ministrliginiň ýolbaşçylygynda gurnalýan iri halkara çäreleriň biridir. Bu festiwal ýurduň möhüm edaralaryny we kompaniýalaryny bir ýere jemlär.

Üstümizdäki ýylda 21-26-njy sentýabry aralygynda Stambul şäherinde Atatürk howa menzilinde gurnaljak “Teknofest” awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwalynyň köp myhmanly bolmagyna garaşylýar.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

Ata Watan Eserleri

“Google” umumy bahasy 2 trillion dollardan geçen ABŞ-nyň dördünji kompaniýasy boldy

Türki döwletleri bilelikde kosmosa emeli hemra ibererler

“Samsung” ýene-de birinjiligi eýeledi