TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Teknofest” awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwaly geçirilýär

Türkiýe Respublikasynyň tehnologiýa ulgamynda gazanan üstünlikleri açyp görkezýän “Teknofest” awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwaly geçirilýär. Ol 1-nji maýa çenli dowam edip, oňa Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriň synçylarynyň, žurnalistleriň gatnaşmagynda geçirilen simpoziuma gatnaşan žurnalistler hem gatnaşdy.

“Teknofest” awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwaly 2017-nji ýylyň ýanwarynda durmuşa geçirildi. Ol Türkiýäniň ýerli tehnologiýa ulgamyndan gazanýan üstünlikleri açyp görkezmek bilen tehnologiýa önümçiliginde öňdebaryjylaryň hataryna goşulmagy maksat edinen Türkiýäniň Tehnologiýa topary gaznasy we Türkiýe Respublikasynyň Senagat we tehnologiýa ministrliginiň ýolbaşçylygynda gurnalýan iri halkara çäreleriň biridir. Bu festiwal ýurduň möhüm edaralaryny we kompaniýalaryny bir ýere jemlär.

Stambul şäherinde Atatürk howa menzilinde gurnaljak “Teknofest” awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwalynyň köp myhmanly bolýar.

Şol myhmanlaryň we halkara žurnalistleriň hatarynda “Atavatan Türkmenıstan” halkara žurnalynyň habarçysynyň hem bolmagy ýakymlydyr.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherine 123 belgili ulgam ornaşdyryldy

Dubaý ýerde “Aýa” meňzeş myhmanhana gurýar

Ilkinji sürüjisiz awtobus Şotlandiýada ýola goýuldy

Teswirle