TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Tekepbir bol çykyp bolmaz gaýa dek

Güýz günleriniň salkyn arassa howaly günleriniň biridi. Mähriban işden çykyp, Altyn asyryň edara binasyna sowuldy. Ol Altyn asyrdan çykanda daşarynyň eýýäm garaňkyrap ugrandygyny görüp awtobus duralgasyna tarap ädimini çaltlandyrdy.

Söýýän güýz paslynyň sarylygyny,

Göwnüme hoş ýakýar onuň pes päli,

Ölüm bilen ömrüň aralygyny

Ölçemeli ýaprak şahada häli

diýip içinden öz söýgüli şahyry Gurbannazar Ezizowyň ajaýyp setirlerini gaýtalap barşyna ol  basymrak öýlerine ýetmäge howlukdy. Sebäbi bu wagt asuda asmanyň ýüzi gara örtük bilen örtülip, ýagaýsam-ýagaýsam diýýän ýaly bolup bulutlaşyp durdy. Mähriban duralga ýetip barýarka özüniň münmeli awtobusynyň ugrandygyny görüp, içinden öz-özüne igendi “Ýeri ýolda sowlup telefonyňa pul salmak nämäňe gerek diýsene, ýarym güne ýaryş ýoga. Bir gün telefonyň pulsuz durany bilen asman-zemin gapyşaýmazda“. Ol duralga gelip indiki awtobusyň gelerine garaşyp durşuna töweregini synlamaga başlady. Daş-töwerek gaýda-gaýmalaşykdy. Bu wagt her kimiň işinden çykyp, öýüne howlukýan wagtydy, awtobuslaryň bolsa biri gelýärdi, biri gidýärdi. Iş bilen başagaý bolup ýören gyz öz gözel şäherinde soňky günlerde bolup geçýän üýtgeşmelere üns bermeýändigine gynandy. Täze ýyl baýramçylygyna heniz bir aýdan gowrak wagtyň bardygyna garamazdan, eýýäm ýollaryň ugrunda ösüp oturan arçalar dürli yşyklar bilen bezelipdi. Ýakynda açylan  dört gatly täze söwda merkezi uzagrakdanam bolsa howalanyp görnüp, şäheri hasam gözelleşdirýärdi. Mähriban hepdäniň şenbe güni hökman işden soň jigilerini hem alyp bu söwda merkezine aýlanmaga gelmegi içinden pikir etdi. Bu görnüşi synlap durşuna Mähribanyň gulagyna birhili öz ady tutulan ýaly boldy. Ol öwrülip yzyna garanda gözleriniň görýänine ynanmajak boldy. Onuň öňünde mähribän synpdaş jorasy Gülçynar durdy. Joralar sessiz-üýnsiz gujaklaşdylar, olaryň ikisiniň hem gözüne ýaş aýlandy. Biraz wagtdan özüni dürsän Gülçynar synpdaş jorasyna ýüzlendi:

– A gyz, gowumy ýagdaýlaryň. Seniňem şol çaga ýaly bolup bökjekläp ýörşüňle, henizem toý edeňokmy?

– Oňat-la men-ä, seň ýagdaýlaryň ýöne gowa meňzänok-la?! Toýam şu täze ýyldan soň bolýa nesip bolsa, barjak oglanym okuwda heniz. Saňa ne döw çaldy synpdaş? Bir wagtlar-ha gaty haýbatlydyň sen- diýip, Mähriban hernäçe bildirmejek bolsa-da Gülçynara bolan ýüregindäki kinäni daşyna çykaranyny hem duýman galdy. Ol Gülçynaryň özüni hiç zat bolmadyk ýaly  alyp barşyna gaharlanjak boldy, hat-da birwagtlar aýrylmaz jora bolandyklaryna garamazdan oňa indi jora diýip ýüzlenesi hem gelmedi, gaýtam oňa könäni ýatladyp, birazajygam bolsa utandyrasy geldi. Ýöne synpdaşynyň daş görnüşi Mähribany bu zatlardan saklanmaga mejbur etdi.  Sebäbi Gülçynara özüniň bir mahallar berip bilmedik jogabyny, durmuş berip, ony juda ejizledipdir. Dogrudanam bu wagt beýle sözleriň wagty däldigine düşündi. Bir wagtky „Iliň süýr depesinde gezýän men“ diýip, petekesini gaýşardyp ýören owadan gyz bu wagt gaty başgaça görünýärdi. Ýigrimi alty ýaşly gelin daş-keşbinden kyrk ýaşa golaýlan aýala meňzeýärdi. Onuň egin-başyny dagy göreninde Mähriban birhili jorasyndan özi utanyp gitdi. Mähriban ony boýdan başa synlap durşuna mekdep durmuşynyň agyr ýatlamasyna çümenini hem duýman galdy…

…Mähriban dagy ol wagtlar 9-njy synpda okaýardylar. Bir gün güýz paslynyň ahyrky günleridi. Edebiýat sapagynda yşk mülkiniň şasy hasaplanýan Mollanepesiň goşgularyny geçip otyrdylar. Birden otaga mekdebiň müdiri we synpyň ýolbaşçysy girdi. Olaryň yz ýanyndan bolsa uzyn boýly, inçesagat, ak ýüzli, saçlary dagy topugyna düşüp duran owadan gyz girdi. Gyz juda görmegeýdi, bezemen geýnüwlidi. Onuň egninde şo döwürlerde synpyň ähli gyzlarynyň diýen ýaly arzuw edip ýetip bilmän ýören köýnegi bardy. Öz görküniň üstesine bu nätanyş gyz, öňemä çanak ýaly bolup balkyldap duran gara gözlerini, gara gyýma gaşlaryny edil şäherli gyzlaryňky ýaly edip boýapdyr. Gyz iki örüp öňüne goýberen saçlarynyň ujuny oýnap durşuna, tekepbirlik bilen synpyň içine göz aýlap çykdy. Mekdep müdiri synpy täze gelen okuwçy bilen tanyşdyrdy, oňa birneme okuwa öwrenişýänçä ýardam bermelidiklerini aýdyp çykyp gitdi. Synp ýolbaşçylary hem gyzy iň öňdäki hatarlaryň birinde ýeke özi oturan Mähribanyň ýanynda oturdyp, öz sapagyna gitdi. Gülçynar görkezilen ýere geçip oturanyndan synpyň içinde öňkä garanda başgaça dünýä başlanan ýaly boldy. Şol gün tä ähli sapaklary tamamlanýança synpyň oglanlary otagyň içinden çykmadylar diýen ýaly. Öňler sapak başlandan soň bäş-on minut dagy gijä galyp, mydama sögünç eşidip ýören  „Mele batyr“ hem bu gün hiç ýere butnaman akyllyja bolup ýerinde oturdy. Öň hatarlarda keseräk oturyp, çakgyň çüýi ýaljak nazarlaryny sünçýän oglanlaryň bardygyny syzsa-da, bu görnüşi Gülçynar tekepbirlik bilen kabul edip aldy. Oglanlar bolsa şol günden soň bolmajysy boldular. Gyzlaryň köpüsi Gülçynaryň owadanlygyna, üýtgeşik geýnişine, rus dilini bolsa suw ýaly bilşine gözleri gidip, görüplik etseler, birnäçesi bolsa onuň basymrak öz mekdeplerinden giderini islediler..

Mähribanyň häsiýeti açyk, göwnünde zat ýok bolansoň Gülçynar hem öz tekepbirligini bir gyra aýyrmaly boldy. Ýöne ol hemme kişi bilen beýle bolmady. Ol beýleki okuwçylar bilen gatyşyp-garyşyp gidibermedi. Ol bu pursat näçe uzak dowam etse, soň gamyş köpri gurmagyň kyn boljakdygyny aňsa-da gyzlar bilen aragatnaşygyny ýola goýmaga gyssanmaýardy.

Mähriban bu parahat günleriň dowam etmejekligini ýüregi bilen syzýardy, ol haýsydyr bir ýagdaýyň ýüze çykjakdygyny aňýardy…

Mähriban orta mekdebi tamamlap, ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň birine okuwa girdi. Ol ýaňy okuwa başlan wagtlary bolsa hiç bir ýigide göwni ýetmeýän tekepbir gyzyň Mergene gaçyp gidendigini, soňam olaryň durmuşynyň bolmandygyny eşitdi.

Şu wagtam ol jorasynyň özüniň ýekeje soragyna jogap bermegini isleýärdi. Näme üçin jorasyrap, ilki olary tanyşdyryp, soňam aralaryny bozandygyny bilesi gelýärdi.

Gülçynar jorasynyň garaýşyndan özünden şol wagtky eden hereketleri üçin jogap soralýandygyny duýsa-da:

-Bagtly durmuş arzuw edýän saňa!

-Bagyşla, meniň münmeli awtobusym geldi. Sag bol – diýip Mähriban hoşlaşyp awtobusa tarap ugrady. Ol awtobusa müneninden soň oýlanyp barşyna “Enem pahyr ähli zadyň dermany wagt” diýýärdi welin, çyn ekeni şol. Menem ony ýadymdan çykaryp bilmejek, Gülçynary bolsa bagyşlap bilmejek ýalydym. Emma öz guran oýnundan baş alyp çykandyryn öýtse-de, Gülçynar durmuşyň guran bu oýnunyň öňünde ejizlemeli bolupdyr – diýip oýlanyp barşyna, içinden özüni söýgüli goşgy setirlerini gaýtalady.

Ýene güýz, güýz bolsa saralýar ýaprak,

Ýaprak saralanda durlanýar zemin,

Oýlanýarsyň geçmiş hakda köpüräk,

Hem diýýäň:“Oňatlyk, Hudaýa şükür”.

Jemal Ýalkabowa,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullygynyň,

Mary welaýat boýunça müdürliginiň harby gullukçysy, kapitany

 

             

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle