TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Tehnologiýalar merkezi biziň geljegimiz

“Halkyň Arkadagly zamanasynda” hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasy netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, täze innowasiýa tehnologiýalary döretmek we ornaşdyrmak boýunça ýurt bähbitli işler amala aşyrylýar. Muňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Ylmy parklaryň we innowasiýa meýdançalarynyň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul etmek baradaky çözgüt bu halkara assosiasiýanyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň sentýabr aýynda geçiren 39-njy Bütindünýä konferensiýasynda kabul edildigi uly şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tehnologiýalar merkezini Ylmy parklaryň we innowasiýa meýdançalarynyň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň ýurduň alymlaryna dünýä derejesindäki barlaglara gatnaşmagyny ep-esli işjeňleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini belledi. Şeýle hem, ýurduň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridigini aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlarynyň we wezipeleriniň ýerine ýetirilmegini kesgitlejekdigini belläp geçdi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Türkmenistanyň ykdysady we tahnologik howpsuzlygyny üpjün etmäge ýaradam berip, ylmy çözgütleri, amaly işläp taýýarlamalary we olary önümçilige ornaşdyrmagy bir bitewi ulgama birleşdirýän esasy edara bolup durýar. Bu merkeziniň esasy wezipesi bäsleşige ukyply hem-de ýurdumyzyň ylym we tehnika babatda ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary derejeli ylmy pikirleri we çözgütleri işläp taýýarlamakdan we ylmy barlaglary geçirmekden ybaratdyr.

Tehnologiýalar merkezi ylmy-barlag barlaghanalar, tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, taslama konstruktorçylyk, patent-maglumat we beýleki bölümlerden durýar.

Merkeziň barlaghanalarynda bio, nano, maglumat tehnologiýalar ulgamynda özara baglanyşykly barlaglar toplumy, maddalary fiziki-himiki taýdan düýpli öwrenmek, biomateriallary, uglewodorod çig mallary molekulýar, atom derejede derňemek, organiki we organiki däl maddalary sintezlemegiň täze usullaryny öwrenmek bilen bagly ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Barlaghanalaryň wezipelerine energiýanyň adaty däl çeşmelerini öwrenmek we energiýa tygşytlaýan tehnologiýalary işläp taýýarlamak, daşky gurşawyň, azyk önümleriniň seljermesini, geografik maglumat ulgamlary boýunça ylmy-barlaglary geçirmek meseleleri hem degişli bolup durýar.

Tehnologiýalar merkezinde alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalykda, lukmançylykda, derman öndürmekde, ekologiýa meselelerini çözmekde, azyk, himiýa, nebithimiýa senagatlaryna ornaşdyrylýar. Energiýanyň görnüşleri boýunça ylmy-barlag işler energiýanyň alternatiw çeşmelerini halk hojalygyna ornaşdyrmak, energiýany tygşytly ulanmak boýunça meseleleri çözmäge ýardam edýär.

Munuň bilen bir hatarda, Tehnologiýalar merkeziniň Merkezi barlaghanasynda ýerli çig mallardan magnezial önümlerini, düzüminde kaliý we kalsiý elementleri saklaýan mineral dökünlerini, önümçilik galyndylary toplumlaýyn gaýtadan işläp ýokary temperatura çydamly süýmleriň we ýuka gatlakly örtükleri, goýun ýüňüniň ýagyndan holekalsiferoly (witamin D3) almak boýunça ylmy-usuly işler ýerine ýetirilýär. Alnan önümleriň hili, fiziki-himiki häsiýetleri barlaghana şertlerinde öwrenilýär we döwlet standartlary bilen deňeşdirme işleri amala aşyrylýar. Hususan-da, Merkezi barlaghanasynyň aspiranty hökmünde ýerli çig mal serişdeleri bolan dolomit, selestin magdanlaryndan, önümçilik akyndy suwlaryndan magniýniň birleşmelerini almagyň usullary boýunça ylmy işi ýerine ýetirýärin.

Tehnologiýalar merkeziniň Ylmy parklaryň we innowasiýa meýdançalarynyň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi bizi diýseň guwandyrdy, çünki biziň üçin öwrenmäge, ylmy işleri alyp barmaga ýene bir uly mümkinçilik döredildi. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň barha ösýändiginiň, halkara derejede abraýynyň belende galýandygyny görkezýär.

 Oguljemal BEGMYRADOWA,

TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň aspiranty

Ýene-de okaň

Sahnalarda nusgawy eserler

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Ata Watan Eserleri

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

Teswirle