27/11/2020 9:47
Home TEHNOLOGIÝA “Xiaomi” kompaniýasy Hindistanda öňdeligi bermeýär

“Xiaomi” kompaniýasy Hindistanda öňdeligi bermeýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy, Hindistanda baýramçylyk satuwynda 13 milliondan gowrak enjam satandygyny, şolardan 9 milliony akylly telefondygyny mälim etdi. “Realme” kompaniýasy bolsa şol döwürde 8,3 million önüm satmak bilen rekord goýandygyny habar berdi. Analitikler“Xiaomi” kompaniýasyň güýçli garşydaşy “Samsung” we “Vivo” kompaniýalary däl-de, “Realme” kompaniýasy bolup durýar diýip belleýärler. Sebäbi bu kompaniýanyň önümleriniň satuwy her aý geçdigiçe güýçlenýär. Şeýle hem kompaniýa golaýda gysga wagtyň içinde 50 million akylly telefony satdy.  “Xiaomi” kompaniýasy hakda aýdanymyzda onda olaryň iň meşhur akylly telefonlary: “Xiaomi Mi 10T Pro”, “Redmi Note 9 Pro Max”, “Redmi Note 9 Pro”, “Redmi 9 Prime”, “Redmi 9” we “Redmi 9A” bolup durýar. Eger-de kompaniýanyň akylly telefony 9 million sanysy satylan bolsa, galan 4 million enjamy akylly telewizor, akylly öý enjamlary we esbaplar girýär. Takmynan 450 müň akylly telewizor, şeýle hem “Mi TV Stick” we “Mi Box 4K” týuner satyldy. Bu kompaniýanyň “4K” telewizora bolan islegiň geçen ýyldakydan has ýokarlandy, 50 we 55 dýuým telewizorlaryň satuwy 50% göterim ýokarlandy. Howa arassalaýjylaryň satuwy 100% göterime ýetdi. Bu babatda “Mi Watch Revolve” sagatlary we akylly ses berijiler hem uly islege eýe boldular.

Okap bilersiňiz  Seni ilkinji söýen adam kim?

 

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Okap bilersiňiz  Hindistan robot-zenany kosmosa iberer

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Okap bilersiňiz  Birbada 146 müň sargyt

IŇ TÄZE HABARLAR

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi. Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Nebit guýylarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçiligine ornaşdyrmak arkaly nebit guýylarynyň önüm berijiligini...

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady...

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Bethoweniň 250 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçiriler

 
Okap bilersiňiz  Kazorla "Al-Sadd" toparynda çykyş eder
2020-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda meşhur kompozitor Lýudwig wan Bethoweniň doglan gününiň 250 ýyllygyna bagyşlanyp, konsert geçiriler. Bu konsert...

Balkan welaýatynyň baş metjidi açyldy

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Balkanabat şäherinde welaýatyň baş metjidi guruldy. Milli Liderimiz ýaşulylar bilen bilelikde...

Telewizorlar barada gysgaça

Telewizor – bu hereketli monohrom (ak-gara) ýa-da reňkli şekilleri ses bilen  iki ýa-da üç  koordinatalar sistemasy görnüşde  ýaýradýan telekommunikasiýa  serişdesidir. Telewizor – mahabat, güýmenje,...

“Leýlisaç barada rowaýat” – bagtdan gurlan ymarat

(Oýlanma) Ala gözli, galam gaşly, sadap dişli, söwer ýaryma,dünýe baryma gowşurany üçin bu gün meniň Gudraty güýçli Alla alkyşym çäksiz. Şol günler meniň üstümden geçmejek...